
Adamzadyň durmuşynda aýdym-saz dünýäni aňlamaga hem-de içki oý-pikiriňi beýan etmäge itergi berýän güýç hasaplanylýar. Ýer ýüzünde hiç bir sungat, ajaýyp sazyň täsir edişi deý ynsanyň erk-islegine agalyk edip, ony ruhy taýdan belende göterip, ýaşaýşa ymtylma döredip bilmez.
Dünýä belli kompozitor L.Bethowen sazy paýhas bilen pelsepeden beýik saýyp, ol: «Ynsan kalbynyň oduny çykarmagy başarýar» diýip belleýär. Çünki islendik saz ynsan oglunyň ýüreginden çykyp, ýene ýürege dolanýan gudratdyr. Saz çuňňur pikirleriň döremegine eltýär. Ajap sazy diňledigiňçe adam barha döredijilige ymtylýar. Bahar paslynyň janyňa tenekar ýagmyry deý saz dama-dama kem-kem ýürege baryp, jan salýar, adam ömrüne ömür goşýar.
Sazyň esasyny sesler düzýär. Bu barada Gabor Darwaş: «Bizi gurşap alan barlyk, daşky gurşaw hem jemgyýet ummasyz sesler bilen gurşalandyr. Adamyň eşidiş organy örän çylşyrymly, inçe hem juda duýgur, ol bu köp sanly sesleriň ujypsyzja bölegini kabul edip bilýär. Sesiň ýa owazyň çeşmesi hasaplanylýan hereket ses tolkunlaryny emele getirýär. Ses tolkunlary göze görünmeýär» diýip, ylmy dilde düşünje berýär. Biziň mähriban ene topragymyz, gözel tebigatymyz, älem-jahan, tutuş zemin owazlardan dokalan. Ynsan ogluny özüne melul eden tebigatyň dürli sesli owazlaryndan adamzadyň aň-paýhasy bilen ajap mukamlar döredi. Kalbyny lerzana getirýän saz aglasa, tutuş adamzat, tebigat aglaýar. Saz dinňe bir milletiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ýeke-täk dilidir.
Sazyň adama edýän täsiri örän güýçli hasaplanylýar. Çünki saz adamyň psihikasyna, keýpine, saglygyna, özüni duýşuna, şeýle-de onuň durmuşyndaky indiki ýetjek üstünliklerine tarap itergi berýär. Sazyň adam beýnisine, akyl ýetirijiligine, tutuş organizmine edýän täsirini häzirki zaman ylmy doly subut etdi. Saz terapiýasynyň adam organizmine edýän ähmiýeti hem muňa mysal bolup biler. Sazyň em ediji güýjüniň barlygy biziň ata-babalarymyz tarapyndan öwrenildi. Ýakymly owaz diňe bir adama däl, eýsem, tutuş janly-jandara jadyly melhem bolup kömek edýär.
Adamlaryň käbiri bir işiň başyndaka asuda ýagdaýy halaýar, ses-galmagalsyz, rahat atmosferada başlan işini öndümli ýerine ýetirýär, köpüsi bolsa sazyň ýaňlanyp durmagynda işine gümra bolup, döredijilikli işlemegi başarýar. Nusgawy sazlar adam bedenine ruhlandyryjy, rahatlandyryjy täsir edýär, maglumatlaryň ýadynda ýeňil galmagyna, ýaşaýşa ymtylma, durnuklylyk, güýç-kuwwat berýär. Durmuşda duş gelýän aladalaryň, gussanyň kemelmegine ýardam edýär. Liriki sazlar çuňňur gam-gussa batyrsa, ritmiki sazlar kalbymyzy heýjana salýar. Mylaýym, ýüregiň inçe tarlaryna ýol ýasaýan sazlar beýniniň sazlaşykly işlemegine ýardam edýär. Islendik janyňa ýakymly saz adam bedeninde ganyň limfositleriniň köpelmegine getirýär. Bu bolsa organizmiň kesele garşy göreşmek ukybyny güýçlendirýär. Bu dünýäde ähli zat wagtlaýyn, saz welin bakydyr. Çünki ölmez-ýitmez güýje eýe bolan saz üstünden ençeme asyrlary geçirip, ynsan kalbyna ömürlik ornaşýar.
Gülaram DURDYÝEWA,
Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Mimar Sinan Gözel Sanatlar adyndaky uniwersitetiniň Döwlet konserwatoriýasynyň fortepiano mugallymy.