
Ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, melhemleriň mekany — «Farap» şypahanasynda ähli mümkinçilikler döredilýär. «Farap» şypahanasy melhemlere juda baý bolup, ynsan dertlerine em paýlap, saglygyny berkidýär. Şypahananyň jana melhem suwy, beýleki suwlardan aýratyn tapawutlylykda, ynsan saglygyna örän peýdalydyr.
2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durky düýpli täzelenen «Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 20 kilometr uzaklykda, Amyderýanyň sag kenarynda — Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýär. Taryhy maglumatlara görä, 1958-nji ýylda geologiýa barlag ekspedisiýasy tarapyndan nebitgaz gözleg işleri geçirilende, 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýy ýatagy açylýar. Bu mineral suw çeşmesi, onuň düzümi, bejerijilik täsiri alymlar T.G.Hojageldiýew, W.F.Kazakow tarapyndan içgin öwrenilip, adam bedenine şypaly täsir edýändigi tassyklanyldy. Şeýle-de onuň düzüminde D.I.Mendeleýewiň periodik jedwelindäki 32-den gowrak mikroelementleriň bardygy anyklanyldy. Suwuň fiziki we himiki mineral düzümi boýunça Russiýanyň «Ižewskiý», «Nowožewskiý», «Soloniha» şypahanalarynyň mineral suwlarynyň düzümi bilen meňzeşdir.
Bejeriji mineral suwy bilen ilata hyzmat edip gelýän şypahanada ähli işler lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary esasynda alnyp barylýar. Bu ýere gelýän raýatlar saglygyny berkitmekde giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Bu bolsa şypahanada dynç almaga gelýän raýatlaryň islegini doly kanagatlandyrýar.
Bu ajaýyp şypahana 250 orunlyk bolup, üç gatly baş bina 200, iki gatly ikinji bina 50 adama niýetlenendir. Şypahananyň otaglarynda ähli şertler döredilip, raýatlar rahat dynç alar ýaly giň mümkinçilikler bar. Daş meýdanynda tomsuna suwa düşülýän howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary, sport maşklaryny geçmek üçin dürli görnüşli trenažorlar hem-de medeniýetli dynç alar ýaly amfiteatr bar.
Şypahana iki bölümden ybarat bolup, birinjisi anyklaýyş, ikinjisi bejeriş bölümidir. Anyklaýyş bölüminde dünýäniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen EKG kardiolog, endoskopiýa, ultrases, laboratoriýa, rentgen barlaglarynyň otaglary bar. Bejeriş bölüminde birbada birnäçe adamy kabul edip bilýän bejeriş wannalary, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen fizioterapeýa, owkalama, parafin-azekerit, gidro, galoterapeýa otaglary hyzmat edýär.
Tebigatyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän şypahana dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän her bir raýat bu ýerde döredilen mümkinçiliklerden, eli ýeňil lukmanlaryň hyzmatlaryndan hoşal. Melhemler ojagy bolan «Farap» şypahanasy ähli watandaşlarymyza özüniň ajaýyp sapaly dynç alyşlary bilen hyzmat etmäge hemişe taýýar.
Arzuw SULTANOWA,
«Farap» şypahanasynyň saglygy dikeldiş lukmany.