Sagdyn durmuşSlider

Buýan köki derde derman

21-01-2025 / 115

Türkmenistanyň tebigaty senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olaryň biri hem kösükliler maşgalasyna degişli bolan, derýalaryň arasyndaky ýerlerde jeňňellikleri emele getirýän, Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ösýän buýandyr.

Bu ösümligiň gymmatlygy dermanlyk häsiýetine eýe bolan kökündedir. Buýan lukmançylygyň taryhynda iň gadymy dermanlyk ösümlikleriň biridir. Häzirki zaman lukmançylygynda buýan köki dem alyş ýollarynyň kataral kesellerinde gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar. Buýan köküniň serişdeleriniň ähmiýeti ýara garşy işjeňligi kesgitlenenden soňra, immunitet dörediji häsiýeti ýüze çykarylanda, şeýle hem wirusa we allergiýa garşy häsiýetleri anyklamakda onuň ähmiýeti has-da artdy.

Buýan kökünde glisirrizin, flawonidler, steroidler, efir ýagy, C witamin hem-de nem maddalary, krahmal saklanýar. Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokary dem alyş ýollarynyň, onkibarmak içegäniň kesellerinde sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanyp gelinýär. Ösümligiň dermanlyk köküni dürli garyndylaryň, çaýlaryň düzümine goşýarlar. Buýandan ýasalan kükrek eleksiri gägirdiji serişde hökmünde peýdalanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda süýji buýanyň ähmiýetiniň dermanlyk ösümlikleriň arasynda birinji ýerde durýandygy bellenilýär. Häzirki wagtda bu ösümligiň 300-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýandygyny aýtdy. Ilat arasynda süýji buýan ady bilen belli bolan ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhananyň gurlup ulanmaga berilmegi biz ― saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Halkymyzyň saglygyny goramak babatda taýsyz tagallalar edip, giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize biz — lukmanlar hemişe alkyş aýdýarys.

Bibinýaz BAZAROWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu