
Badamjanyň baldagy durnukly, ýapragy dürli öwüşginli ýaşyl, gülleri çogdam, miwesi togalakrak armyt şekilli, goňras, sargylt, agymtyl ýaşyl, melewşe reňkli bolýar. Onuň watany Hindistanyň tropiki etraplary hasaplanýar.
Ilkinji gezek baklajany iýmit hökmünde däl-de, ýapgy hökmünde ulanypdyrlar. Ony ýanmadyk ýagyň içinde birnäçe wagtlap goýupdyrlar, taýýar bolan ýapgy diş agra peýda edipdir. Soň-soňlar bolsa ol bişirilen, duzlanan we konserwirlenen görnüşde iýmit hökmünde peýdalanylýar.
Badamjanyň aterosklerozy bejermekde we onuň öňüni almakda ähmiýeti uludyr, sebäbi, ol adam bedeninden holesterini çykarýar, ganda we gan damarlarynda onuň mukdaryny azaldýar. Badamjanyň düzümi belok, natriý, fosfor, kaliý, kalsiý elementlere, S,D1,D2,D5,PP witaminlere baýdyr. Onuň düzümindäki kaliý ýüregiň işleýşini güýçlendirýär, Böwregiň peşew çykaryjy ukybyny ýokarlandyryp, adamyň bedenindäki artykmaç suwuklygy çykarýar.
Gartaşan adamlara, ýürek-gan damar kesellere, aýratyn hem ýürekagyry sebäpli endamy çişen adamlara badamjan iýmek maslahat berilýär. Bogunlary (podagra) keselli adamlara badamjan iýmek peýdalydyr, ol bedendäki duzlaryň peşew bilen çykmagyny güýçlendirýär. Badamjan adamda gan azlygy, şeýle-de süýjüligi peseldýär.
Ogulşat RÖWŞENOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.