
Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak, ruhy ahwalayňy baýlaşdyrmak ýaly ençeme peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de kitap okamak ynsan saglygyna oňyn täsirlerini ýetirýär.
Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, okamak ukusyzlykdan halas bolmaga ýardam edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Bilermenleriň bellemegine görä, kitap okamak nerwini rahatlandyryjy iň ygtybarly usuldyr. Bary-ýogy 6 minut kitap okamak nerw dartgynlylygyny dep edip biler.
Okamak ýüregi ýumşadýandygy bilen bellidir. Kitap okaýan wagtynda okyjy özüni gahrymanlar bilen bitewüligi duýýar. Bu okaýan adamyň durmuşda hem beýleki adamlaryň duýgularyna has gowy düşünýändigini görkezýär. Kitap okamak nerw işjeňligini kadalaşdyryp, beýnidäki nerw süýümleriniň sanyny artdyrýar. Netijede, dartgynly ýagdaýlara durnuklylyk güýçlenýär. Kitap okamak adamyň ruhuny gözelleşdirýär. Ol ruhy gymmatlyk bolmak bilen, okyjyny ruhubelentlige iteriji güýçdür. Ruhubelentlik bolsa, sagdyn ýaşaýşyň baş çeşmesidir. Kitap geljege ynam döredýän baýlykdyr.
Okamak maksadyňa ýetmäge we kynçylyklary ýeňip geçmäge, söz baýlygyňy artdyrmaga, gündelik işjeňligiňi artdyrmaga, döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegine we ösmegine, ençeme keselleriň öňüni almaga, gözýetimiň has-da giňemegine ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitapda bellenilişi ýaly, «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okaýanyň ruhy baý».
Taýýarlan: Bagdagül MÄMEDOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.