Sagdyn durmuşSlider

Zeýtunyň köpugurly häsiýeti nämede?!

16-01-2025 / 105

Amerikan lukmanlarynyň gelen netijelerine görä, zeýtun ýagy ynsan bedeninde döräp biljek birnäçe keselleriň öňüni almakda iň peýdaly iýmitleriň biridir. Olaryň geçiren barlaglarynyň netijelere laýyklykda bu önümi yzygiderli iýmek düwnük (rak), ýürek-damar, neýrodegeneratiw we respirator kesellerinden ejir çekmek howpuny azaldýar.

Amerikan alymlary bu iş boýunça köp ýyllap aýallaryň 60 müňüsiniň we erkekleriň 31 müňden gowragynyň gündelik kabul edýän iýmitlerini gözegçilige aldylar. Bu synaga gatnaşyjylar iýýän iýmitleriniň düzümindäki ýaglaryň görnüşleri we mukdary boýunça ýörite anketalary bellenilen wagtda doldurdylar. 28 ýylyň dowamynda synaga gatnaşyjylaryň 36 856-sy dürli ýagdaýlar sebäpli ýogalypdylar. Gelinen netijelere görä, zeýtun ýagyny yzygiderli peýdalananlarda (günüň dowamynda bary-ýogy ýarym nahar çemçesi)  ýürek-damar keselleriniň peýda bolmak howpy ony hiç iýmedikler bilen deňeşdirilende 19 dereje az bolupdyr. Bu görkeziji düwnük kesellerinde 17 derejä, neýrodegeneratiw kesellerinde 29 we respirator kesellerinde 18 derejä çykdy.

Şeýle hem bu synag bir günüň dowamynda iýýän margarin, mesge, maýonez we süýtden alynýan beýleki ýaglaryň 10 gramyny zeýtun ýagy bilen çalyşmagyň ölüm howpuny 8―34 dereje peseldýändigini görkezdi.

Zeýtun ýagy derman serişdelerini we azyk senagatynda ýokary hilli balyk konserwasyny taýýarlamakda, şeýle hem sabyn, reňk-boýag kärhanalarynda çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň daragtynyň ýaşynyň 700-den-de köp ýaşaýandygy ylymda mälim edildi. Geň ýeri, zeýtun agajy şeýle uzak ýaşasa-da, hasylyny kemmeýär.

Gündogaryň beýik alymy Ibn Sina: «Zeýtun ýagy bilen garylan duzy ýanyga ýapsaň, gabarçak döremeginiň öňüni alýar» diýip belläpdir. Zeýtun iýýän adamyň ganynyň düzümi arassalanyp, ol köriçege, ýürek agyry ýaly kesellere uçramaýar. Şol sebäpli alym lukmanlar aşgazan-içege, ýürek-damar, gan basyşy ýokarlanmak ýaly dertlerden ejir çekýänlere zeýtun ýagyny peýdalanmagy maslahat berýärler.

Orazjemal SYRAÇMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu