Sagdyn durmuşSlider

Gyşda gök önümleri köpräk iýmeli!

11-01-2025 / 121

Gyş paslynda, howanyň sowuk günlerinde dürli miweleri, gök önümleri köpräk iýmek saglygymyza gowy täsir edýär.

Nar aminokislotany, foliý turşusyny, demri, tanini, marganesi, natrini, kalini hem-de kletçatkany özünde saklamak bilen, nerw we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işleýşini gowulandyrmaga, ýürek agyrysynyň howpuny azaltmaga ýardam edýär. Onuň peýdaly häsiýetleriniň esasylarynyň biri-de bedenden toksinleri aýyrmagydyr.

Alma hem saglyga peýdaly önümleriň biri bolup, ol işdäaçarlary taýýarlamakda hem giňden ulanylýar. Ony her gün iýmek derini gözelleşdirýär. Ortaça ululykdaky bir alma 95 kaloriýa deňdir. Almanyň düzüminde C, K, A, E, B1, B2 we B6 witaminleri, şeýle-de demir, kaliý, marganes, mis ýaly birnäçe minerallardyr peýdaly maddalar bar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, günde 2 sany ortaça ululykdaky almany iýmek süýji keseliniň öňüni almaga kömek edýär. Almanyň düzümindäki polifenollar aşgazan üçin-de ýaramlydyr.

Armydyň düzüminde C hem-de D witaminleri, iýmitlik süýüm köpdür. Iýmitlik süýüm iýmit siňdiriş agzalarynyň işleýşine, bedendäki holesterini peseltmäge, artykmaç agramdan dynmaga ýardam edýär. Armyt az kaloriýalylygy bilen hem bellidir.

Bananyň düzüminde adamyň DNK-synyň, takmynan, 50 göterimini emele getiriji birleşmeler saklanýar. Bu datly miwe ruhy dartgynlylygy gowşadyp, gaýgy-gussany azaltmaga goltgy berýän kaliý elementine, öýjükleri berkitmäge we gurmaga ýardam edýän B6 ýokumyna baýdyr.

Pyrtykal hem C witaminine baý miweleriň biri bolup, bilermenler günde onuň 2-3 sanysyny iýmegi maslahat berýärler. Pyrtykal şiresi berhiz tutýanlara hem peýdalydyr. Ol suwsuzlygy gandyrýar, şeýle-de işdäňi açýar, iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Bedenden artykmaç agramy aýyrmakda hem pyrtykalyň peýdasy kändir.

Limon böwrek kesellerinde, guragyryda, bognagyryda diýseň peýdalydyr. Onuň şiresiniň, esasan-da, berhiz tutýanlar üçin nepi uludyr. Limon we onuň şiresi keselleriň öňüni almakda iň peýdaly önümdir. Gyş paslynda limonly çaýy yzygiderli içmek hem-de ary baly bilen limony garyp, ajöze iýmek maslahat berilýär. Lukman bilen maslahatlaşyp, irden we agşam, ukudan öň, ýarty limonyň şiresini, 1 nahar çemçe ary balyny 1 bulgur ýyly suwa garyp içmeli. Ýyly suwdaky limon ýüregiň bulanmasyny, sarygaýnamany aýyrmakda kömek edýär. Limon gan basyşyny kadalaşdyrýar, şeýle-de saçyň düşmeginiň öňüni alýar.

Timofeý ROZYÝEW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň 1-nji oftalmologiýa bölüminiň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu