Sagdyn durmuşSlider

Askaridoz keseliniň ilat saglygyna täsiri

Keseli bejermekde Farap şypahanasynyň mineral suwunyň ähmiýeti

10-01-2025 / 197

Askaridoz ― bu adamyň inçe içegesinde mugthorlyk edýän  (latyn sözünden terjime edilende  Ascaris lumbricoidestogalak görnüşli gurçuk askaridanyň döredýän keselidir. Bu kesel adamyň saglygyna birnäçe görnüşde  täsir edýär:

Bedene we iýmit siňdiriş ulgamyna täsiri:

― Askaridalar iýmitiň içege ulgamyndaky ýokumly maddalary siňdirýär. Bu bolsa iýmit siňdirişde ýetmezçilik döredip, bedeniň umumy ýagdaýyny gowşadýar.

― Ösüp barýan çagalarda iýmit ýetmezçiligi sebäpli fiziki we akyl ösüşde bökdençlik ýüze çykýar.

 

Adamyň immun ulgamyna täsiri:

― gurçuklar bedeniň immun ulgamyna ýük bolmak bilen, başga ýokanç kesellere bolan duýgurlygy ýokarlandyrýar;

― hroniki görnüşinde immunitetiň peselmegi sebäpli, organizm beýleki kesellere garşy durmakda kynçylyk çekýär.

Organlara ýetirýän zyýany:

― askarida köpelen halatynda inçe içegäniň işini bozýär we  içege düwünleriniň döremegine sebäp bolup biler;

― mugthor öýken bilen baglylykda üsgülewük, dem alyş kynçylyklary ýa-da beýleki öýken bilen bagly simptomlary döredip biler.

― Keseliň epidemiologik täsiri:

― askaridoz suwuň, iýmitiň we nahar taýýarlamak düzgünleriniň arassa saklanmadyk ýerlerinde çalt ýaýraýar;

― keseliň ýokary ýaýramasy ilatyň saglygyny durnuksyz ýagdaýda saklap, köpçülikleýin ýaýramagyna getirýär.

Keseliň öňüni almak üçin birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Ilki bilen, iýilýän iýmitiň we suwuň arassalygyny üpjün etmeli. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Lukmançylyk dermanlary arkaly mugthorlara garşy iş alyp barmaly.

Bu keseli bejermek üçin diňe bir derman serişdeleri däl, eýsem, şypahanalarda hem bejergi alyp bolýar. Lebap welaýatynda ýerleşýän «Farap» şypahanasynyň mineral suwy 32-den gowrak elementi düzüminde saklamak bilen, mugthorlara garşy göreşmekde kömekçi bejergi hökmünde peýdalanmak mümkin. Şypahananyň ýörite klizma otaglarynda bu şypahananyň mineral suwy bilen bejergi geçirilýär.

Bu usul keselden gutulmakda amatly hasaplanýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde askaridozy bejermekde ulanylýan derman serişdelerini ulanmagy ýatdan çykarmaly däldiris! Askaridoz keseli üçin, ilkinji nobatda, lukmanyň maslahatyna eýerip, degişli dermanlary ulanmak möhümdir. Şeýle hem arassaçylyk düzgünlerine üns bermek we ýokançlygyň gaýtalanmagynyň öňüni almak zerurdyr.

Oguljan HEMRAÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bejeriş işi hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu