Sagdyn durmuşSlider

Baly we duzy bilelikde iýmegiň ajaýyp peýdalary

01-11-2024 / 203

Ýadawlygyňyzyň öňüni aljak bal bilen duzuň garyndysy, ertirlikde iýilen ýagdaýynda sizi günüň dowamynda güýçli saklar. Ine, bal we duz iýmegiň saglyga ýetirýän täsirleri barada size ýetirýäris.

Kadasyz uky siziň durmuşyňyza fiziki we akyl taýdan ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýy aradan aýyrmakda bolsa, bal we duz goşundylaryny yzygiderli iýip, energiýaňyzy goldap bilersiňiz.

Duzly bal gowşaklygy, ukusyzlygy we ýadawlygy bejerýän peýdaly garyndydyr. Bu bejergi diňe organiki baldan we gimalaý duzundan durýar. Her gije ýatmazdan ozal bir nahar çemçesi duzly baly iýmek ýeterlikdir.

Gimalaý duzunda bedeniňiz üçin zerur bolan 80-den gowrak minerallar we elementler bardyr. Günüň ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýär. Beýleki bir tarapdan, öýjüklerimiziň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrýan balda glýukoza köpdür.

Bal-duz kombinasiýasy serotonini köpeldýär, stres bilen tebigy göreşmäge we gowy uky almaga ýardam edýär.

Guwanç HOŞGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu