Sagdyn durmuşSlider

Sary pigmentli iýmitleriň peýdasy

28-10-2024 / 188

Sary pigmentli iýmit önümlerine A we B witaminleri bolan dürli gök önümler  we miweler degişlidir. Şeýle önümler bedeniň immun ulgamyny güýçlendirmekde, nerw ulgamynyň işini sazlamakda, bagyr we aşgazan-içege ulgamynyň işleýşini gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Sary reňkli iýmit önümlerinden iň meşhur we esasy önümleri belläp geçeliň.

Ananas düzüminde C we B witaminini, antioksidantlary, iýmit önümlerini köp saklaýan miweleriň biridir. Köp adamlar bromelain saklaýandygy sebäpli ananasy gowy görýärler. Bu madda bedenimizde beloklaryň işjeňligini artdyrmaga we ýaglary aýyrmaga kömek edýär. Bu miwäniň 100 gramynda bary-ýogy 50 kaloriýa saklanýar. Ananas dürli çiş kesellerine garşy göreşmäge kömek edýär. Sowuklama garşy göreşmek üçin bedenimizi ähli zerur iýmit maddalary bilen üpjün edýär. Immun ulgamyny güýçlendirýär. Gyş we ýaz paslynda iýmit önümleriniň arasynda ananasy ulanmak bilen dümewe garşy durup bilersiňiz. Sebäbi ananasda askorbin kislotasynyň köp bolmagy wiruslara we ýokanç kesellere garşy göreşmekde ýardam berýär. Holestriniň bedende döremeginiň öňüni alýar we gan damarlarynyň diwarlaryny olardan arassalaýar. Iýmit siňdiriş ýollarynyň işini gowulaşdyrýar, aşgazan suwunyň fermentasiýasyny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, bedeni ýaşartmaga kömek edýär.

Banan beden üçin ajaýyp energiýa çeşmesidir. Olarda uglewodlaryň siňdirilmegine kömek edýän fermentler bar. Bananlarda iýmit siňdirişi gowulandyrýan pektin maddasy saklanýar. Onuň esasy peýdaly häsiýetlerine bedeniň suwuklygyny aýyrmaga kömek etmegi, iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmagy we bedeni arassalamaga kömek edýändigini aýtsa bolar. Her gün banan iýýän adamlaryň has optimistik we ünsli bolandyklary subut edildi. Guradylan bananlar ähli ýokumly maddalaryny we elementlerini özünde saklaýar. Özbaşdak önüm hökmünde işdäaçarlara, gündelik iýmitimize goşup bileris.

Fizalis ― bu süýji we turşumtyk tagamly miwedir. Fizalis iýmit önümi hasaplanýar we bedende metobalizmi gowulandyrýar. Bu miwäni yzygiderli iýmek bilen, böwrek daşlarynyň döremeginiň öňüni alyp bolar. Aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini sazlaýar, gan basyşyňy kadalaşdyrýar. Gipertoniýadan ejir çekýänler üçin peýdaly miwe hasaplanýar.

Sary gawun diňe bir şireli tagamy we ysy bilen däl, eýsem, iýmitleniş aýratynlyklary we bedene getirýän peýdalary bilenem söýlüp iýilýän bakja önümidir. Gawun immunitetiňi ýokarlandyrýar we adamy sowukdan goraýan C witaminiň çeşmesidir. Şeýle hem düzüminde B we A witaminlerini, fosfor we ýod  hem saklaýar. Sary gawun bedende ýürek we böwrek işlerini gowulandyrýar, nerw ulgamynyň işleýşini güýçlendirýär. Fosforyň kömegi bilen süňkleri berkidmäge kömek edýär.

Bulardan başga-da, sary iýmit önümlerine süýji sary burç, mekgejöwen, sary erik, sary greýpfrut, gök we beýleki miweler hem girýär. Sary pigmentli miweler we gök önümler bedeniň umumy saglygyny ýokarlandyrýar we toksinleri ýok etmäge kömek berýär.

Musa MEREDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu