Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, beýni damar keselleri ykdysady taýdan ösen ýurtlarda has giň ýaýrap, ol nerw-psihiki dartgynlygyň artmagy netijesinde, adamlaryň işjeň döwründe ýürek gan-damar keselleriniň düzüminde köpelýändigi bilen düşündirilýär.
Soňky ýyllarda ýaşlaryň, hatda çagalaryň arasynda hem insultyň ýygy duşmagy anyklanýar. Dünýäde her ýylda on dört mln adam ýiti insult keselini geçirýär, olardan alty mln ölümçilige sezewar bolýar. Işemiki insult beýni gan aýlanmasynyň ýiti bozulmasynyň 70-85%-ni tutýar.
Beýni gan aýlanyşygynyň ýiti bozulmasyna getirýän birnäçe howp faktorlarynyň bardygy mälimdir. Olardan arterial gipertoniýa, ýüregiň işemiýa keseli, çep garynjygyň gipertrofiýasy, tranzitor işemiki hüjüm, süýjüli diabet, lipid çalşygynyň bozulmagy, zyýanly endikleriň bolmagy ýaly ýagdaýlary bellemek bolar. Insult keselini geçiren näsaglaryň 30%-de hereketiň çäklenmegi bilen bir hatarda geplemek ukybynyň afaziýa we dizartriýa görnüşinde bozulmagy anyklanylýar. Derman bejergisinden başga-da okuw sapaklaryny, bejeriş bedenterbiýesini, owkalamany, neýropsihologik we logopedik maşklaryny, psihoterapewtik kömegini öz düzümine alýar. Şeýle-de sosial gulluklaryň hem ýeterlik derejede kömegi gerek bolýar. Insultly näsagyň keseliniň ýiti we ýitileşen döwründe oňa psihologik goldawyň berilmegi hem zerurdyr. Näsaglaryň fiziki işjeňleşdirilmegi keseliniň geçiş ýagdaýyna, döwrüne laýyklykda amala aşyrylmalydyr.
Insultdan soňky ilkinji sagatlarda, aýratyn hem 4-48 sagadyň aralygy kelle beýniniň zeperleýji faktorlardan goralmagy üçin örän wajyp hasaplanýar. Insultyň alamatlaryny çalt ýüze çykarmak, gemostazy gözegçilikde saklap, gyssagly ýagdaýda trombolizisi geçirmek, aýratyn ýagdaýlarda mehaniki tromboektomiýa geçirmek oňyn netijelerini berýär. Insultdan soňky dikeliş döwründe giňden ulanylýan derman toparyna nootroplar (noos – ruh, pikir; tropos – ugur diýen manyny berýär) degişlidir, olar huşy, ýatkeşligi, kognitiw funksiýany gowulandyrmaklyga ukyplydyr.
Ženşen, limonnik ýaly ösümliklerden alnan dermanlar hem uzak ulanylanda nootrop häsiýetini ýüze çykarýar. Netijede, nootroplaryň esasy täsiri neýron öýjükleriniň membranasyndaky fosfolipidleriň ultragurluşyny dikeltmäge gönükdirilendir. Olar habar beriji proteinleri polipeptid görnüşe geçirip, neýronlaryň ýaşaýjylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Netijede, neýronlaryň esasy häsiýetleri dikelýär. Nootroplar täze baglanyşyklaryň emele gelmegini üpjün edýär, autofagiýany güýçlendirýär, immun ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de olar beýnidäki zeperlenen öýjükleriň sanyny azaldýarlar, impulslaryň ýaýrawyny giňeldýärler, nekroz ojagynyň töweregindäki gaýnaglamanyň alamatlaryny azaldýarlar. Şonuň bilen birlikde beýnide umumy gan aýlanyşygy kadalaşdyrýarlar. Olaryň beden üçin zyýansyzdygy köp sanly ylmy işlerde subut edilendir
Alymjan KANDYMOW,
Lebap welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň agyr keseller bölüminiň lukmany.