Sagdyn durmuşSlider

10 gün dogry iýmitlenmeden soň…

Bedende nähili üýtgeşmeler bolar?!

20-10-2024 / 133

Köp adam ýylyň başynda sagdyn iýmitlenmäge geçmäge, elbetde, horlanmak ýa-da saglyk ýagdaýyny gowulaşdyrmak barada özlerine söz berýärler. Şeýle-de bolsa, köp adamlar derrew netijeleri görmeýändikleri üçin bu pikirden çalt ýüz öwürýärler. Hakykatdanam, gowy iýmek, çalt  horlanmaga ýa-da saglygyň gowulaşmagyna getirmez. Muňa garamazdan, sagdyn iýmitlenseň bary-ýogy 10 günde bedende oňyn üýtgeşmeler bolup geçýänini görüp bolar diýip, şeýle tejribäni geçiren alymlar belleýär.

Sagdyn iýmitleniş ulgamlarynyň köpüsiniň esasy ýörelgelerinden biri iýmitdäki şeker we uglewodlary çäklendirmekdir. Iýmitleniş lukmany Rob Hobson «The Telegraph» gazetine beren interwýusynda: «Şeker beýnimiziň isleg ulgamyny höweslendirýär, bu bolsa şekerli iýmitleri köp iýmeklige isleg döreder» diýip belläp geçýär. Bedende şeker çäklendirilende käbir adamlar ýadawlyk, ganyň azalmagyna we konsentrasiýanyň peselmegi ýaly käbir alamatlary başdan geçirip bilerler.

Şeýle-de bolsa, bular diňe gysga möhletli täsirler bolup, umumy saglygyň gowulaşmagy bilen doly öwezini dolýar. Hobsonyň pikiriçe, şeker we çalt uglewodlary çäklendirmek artykmaç agramy azaltmaga, içegäniň işleýşini gowulaşdyrmaga, energiýa derejesini ýokarlandyrmaga, süýji keseli we ýürek keselleriniň gowulaşmagyna  kömek edip biler diýen pikiri öňe sürýär.

Sagdyn iýmitlenmek meselesinde köp adamyň öňünde goýan ýene bir maksady, etden ýüz öwürmek. Hawa, birnäçe günüň içinde oňat netijeleri berýär. Ýazyjy Reýçel Ama etden ýüz öwürenden soň, özüni has ýeňil we gujurly duýýandygyny öňe sürdi. Reýçel: «Etsiz nahardan soň özümi doly ýeňil duýdum, ýöne şol bir wagtyň özünde et iýenimden soň ýüze çykýan agyrlygy we rahatsyzlygy duýmadym» diýip belleýär.

Dogry iýmitleniş ulgamynyň hemmesi diýen ýaly alkogoldan ýüz öwürmegi talap edýär. Bu karar, elbetde, birnäçe üýtgeşmelere sebäp bolar.

  • Birinjiden, deri gowulaşýar we çişme ýok bolýar.
  • Ikinjiden, energiýa we konsentrasiýa derejesi ýokarlanýar.
  • Üçünjiden, has gowy uklap başlaýarsyňyz.

Professor Deýwid Nutt: «Ukyňyz gowulaşýar we irden turanda özüňizi rahat duýýarsyňyz» diýdi. Mundan başga-da, professoryň pikiriçe, alkogolsyz on günüň içinde bagryň işi dikeldilýär we gan basyşy kadalaşýar.

Hatyja JUMAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu