Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

Ynam

13-03-2021 / 14

 Awtory: Merjen Kadyrowa,

«Türkmen gündogary» gazeti.

 

Ynam. Bu kiçijik söz hem bolsa onda ägirt uly bir güýç, onuň düýbünde uly bir kuwwat ýatyr. Kimdir biriniň diýenine, ýa-da eşiden, gören, okan zadyňa, dünýädäki geň-taňlyklara ynanmak başga, emma haýsydyr bir ynsanyň ruhy güýjüne, onuň hemişe seniň arkaňda belent dag ýaly durjakdygyna bolan ynam bolsa bir başga.

Ynsan gatnaşyklary-da birek-birege bolan ynamdan başlanýar ahyryn. Ynamyň ýok ýerinde gatnaşyklaryň hem uzaga gitmejegi şübhesizdir. Her kim birine ynanýar, islendik ýagdaýda oňa bil baglaýar. Doganyňa, dostuňa, hossarlaryňa bolan ynam. Umuman, ynam diýlende her kim derrew birini, ýagny özüne iň ýakyn we  ynamdar görýänini göz öňüne getirýär. Emma seni dünýä getiren, iýmän iýdiren, geýmän geýdiren ene-ata, olaryň güýjüne, islendik pursatda hem  seni dürli kynçylyklardan alyp çykjakdyklaryna bolan ynam welin, hemme zatdan ýokarydyr. Bu barada öňräk eşiden bir wakam mende uly täsir galdyrdy.

Dynç alyş günleriniň birinde şäheriň belli-belli tanymal adamlary öz maşgalalary, çagalary bilen gämide gezelenç etmek üçin deňze çykýarlar. Olar deňziň gözelliklere syn edip, onuň ýakymly howasyndan lezzet alyp, maşgalalarynyň bagtly pursatlaryny ýatlap durkalar, niredendir bir ýerden gaý turup, güýçli şemal öwsüp başlaýar. Şemala tap getirip bilmedik gämi-de iki tarapa çaýkanyberýär. Gäminiň içine suw girip başlanyny gören ýolagçylar derrew halas bolmagyň aladasyna düşýärler. Olar halas ediş gursakçalaryny alyp, olary ilki bilen çagalara we aýallara geýdirip başlaýarlar. Şol wagt gapdalda duran 7-8 ýaşlaryndaky oglanjygyň hereketi welin, hemmeleriň ünsüni çekýär. Ol özüne geýdirilen halas ediş gursakçasynyň çykaryp, ony aýagaldygyna kakasyna geýdirilmegini isleýändigini aýdýar. Oňa seredip duran ýolagçylar geň galýarlar. Ahyry olaryň  biri şeýle diýýär: «Aý oglan, sen näme edýäň, sen çaga, ilki seni halas etmek gerek, kakaň bolsa bir alajyny tapar». Ýaňky oglanjyk bolsa: «Ýok, ilki men däl, kakam halas bolmaly. Sebäbi eger kakam halas bolsa, ol biziň hemmämize hem halas eder» diýipdir.

Oglanjygyň uly ynam bilen beren bu jogaby kakasynyň gözünde ýaş damjalaryň hatarlanmagyna sebäp bolýar. Edil şonuň ýaly biziň kakalara, ejelere bolan ynamymyzy hiç zat bilen deňär ýaly däl. Ol ynam ummandan giň, deňizden çuň, asman ýaly tükeniksizdir. Belki-de biziň olara bolan çäksiz ynamymyz olary şeýle güýçli edýändir?!

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu