Badyýan suwy bedene edýän täsiri taýdan iň güýçli erginleriň biridir. Bu suw witaminleriň, minerallaryň, mikroelementleriň gorudyr. Onda güýçli antoksidant täsiri bolan we gan damarlaryny güýçlendirýän C, B, K, PP witaminleri, retnol, karotin we biofawonoidler bar. Iýmit maddalarynyň ähli baýlygy bilen bu suwuň kaloriýasy gaty pes (100 ml – 47 kkal), 85% suwdan, takmynan 8% uglewoddan, 4% belokdan durýar. Düzüminde ýag ýok diýen ýalydyr.
Dermanlyk aýratynlyklary
1. Diuretik täsiri. Şiresi peşew ýollarynyň keselleri üçin maslahat berilýär. Badyýan suwuny içmek bedenden artykmaç suwuklygy aýyrmaga kömek edýär we şeýlelik bilen çişmegi ýeňilleşdirýär. Mikroblara garşy täsir edýär.
2. Bedende artykmaç duzlaryň dargamagy. Badyýan suwuny yzygiderli we oňat dozada iýmek böwreklerde, peşewde we öt haltasyndaky çägeleri we daşlary eretmäge kömek edýär diýip hasaplanýar.
3. Tiroidiň, adrenaliniň kadaly işlemegini goldaýar, içegäniň hereketni güýçlendirýär.
4. Işdäniň peselmegi, iýmit siňdirilmezlik, pes kislotaly gastrit we gipertoniýa bolan ýagdaýynda ony ulanmak peýdalydyr.
5. Badyýan suwy aýdyň gipoglikemiki täsire eýedir, şonuň üçin ol süýji keseli üçin berhizdir.
6. Badyýan suwy bilen täze şugundyr suwunyň garyndysy yzygiderli kabul edilende, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar, spazmlary ýeňilleşdirýär.
Aky AKYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Senagat tehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.