Zenan dünýäsinden söhbet açylanda onuň näzik keşbi, mähirli bakyşy göz öňüňde janlanýar. Golaýda aýdym-saz älemine agza bolup, kalp gözelligini aýdym setirlerinde beýan edýän türkmen gyzymyz Gülälek Gulmyradowa bilen zenan dünýäsinden başlan gürrüňdeşligimiz has-da ýakymly boldy. Dünýäde näçe ynsan bar bolsa, şonça-da pikir, garaýyş bar. Bu gün Gülälek saýtymyzda myhmançylykda.
-Gülälek, ilki bilen saýtymyzyň çakylygyny kabul edip, biz bilen gürrüňdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Saýtymyzyň reportaž bölüminde ýerleşdirjek bu gürrüňdeşligimizi bahar bägüllerine deňelýän gyzlara mahsus ýedi häsiýetler barada başlaýaly.
-Gyz dünýäsi örän täsin we owadan. Meniň pikirimçe gelin-gyzlar:
Özüne ynamy bolmaly.
Akylly-başly bolmaly.
Näzikligem gerek, ýöne kynçylyklarda döwülmeli däl, aýaklarynyň üstünde durup bilmeli.
Sylag-hormatly, pespäl bolmaly.
Elinden zenan maşgala mahsus ähli işler gelmeli, başaramok, oňaramok diýen jümlelerden daşda bolmaly.
Edebini-tertibini, söýgüsini, hormatyny mähirli saklamaly, ak atly we ak ýürekli hyýalyndaky şazadasyna garaşmakda sabyrly bolmaly.
Ýüregi owadan bolmaly, şonda daşky we içki gözellik sazlaşykly hala gelýär.
-Mälim, adamzadyň durmuşyna elektron tehnologiýa enjamlary has içgin ornady. Häzirki wagtda eli telefonsyz raýatlarymyza, seýrek bolaýmasa, gabat gelnenok. Gepiň tümmek ýeri, el telefonyňyzyň ýüzünde näme surat goýýarsyňyz we sebäbi.
-El telefonymyň ýüzüne maşgalamyň, ejemiň, kakamyň, jigilerimiň suratlaryny goýmagy halaýan. Çünki olar maňa ruhy güýç, kuwwat berýär. Her işimiň ugruna bolmagynynyň sebäbini şolarda görýärin.
–Nirede dynç almagy halaýarsyň?
-Maşgalam bilen Londana dynç almaga giderdim, sebäbi bolsa, iňlis dilini has gowy öwrenmäge bolan höwesim bar, umuman munuň sebäbini şol dili höwesli öwrenýänligimde görýärin.
-Söýgi düşünjesine garaýşyňyz.
-Söýgi arassa, päk, sada bolmaly.
-Haýsy öý işini etmekde kynçylyk çekýärsiň?
-Öý işlerinde kynçylyk çekýänim-ä ýok. Esasan hem aşhana işlerini gowy görýärin, süýji naharlary owadan görnüşde saçaga goýmagy halaýaryn we bu iş maňa lezzet berýär.
-Iş otagyň nähili bolmagyny islärdiň?
-Iş otagym hökman reňkli bolmaly, esasy otag gülleri bilen bezärdim. Älemgoşar ýaly reňkli bolmagyny islärdim. Aslynda men reňkli ýaşamagy isleýärin. Bu ýagdaý meniň işime bolan höwesimi artdyrýar.
-Ýakymly pursatlaryňyz.
-Bir iş etsem, olam ýerine düşse, maşgalamyň, köpçüligiň göwnünden tursa, şol pursat meniň üçin iň ýakymly we buýsandyryjy pursat.
-Gülälek, gyzykly gürrüňleriň üçin sag bol. Işiňde uly üstünlikler arzuw edýärin.
-Size-de sag boluň!
Gúlalek – sizin aydym aytmanyza name sebap boldy