Ýaş sogan, işdäaçarlar we naharlar üçin hakyky bezeg bolup biler. Mundan başga-da, gök öwüsýän bu ajaýyp görnüş örän peýdalydyr. Ýaş soganlary iýmelidiginden şübhelenýän bolsaňyz, onuň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşmagyňyz zerur.
Näme üçin ýaş sogan iýmeli?
Witaminler we antioksidantlar. Naharlara ýa-da işdäaçarlara goşulan bir nahar çemçesi ýaş sogan hem iýmitimizi witaminler we antioksidantlar bilen ep-esli baýlaşdyryp biler.
Çiş keselleriniň öňüni almak. Ýaş soganlar diňe bir çiş keselleriň ösmeginiň öňüni alman, eýsem bu keselden ejir çekýän hassalara elhenç keseli ýeňip geçmäge kömek edýär. Ýaş sogan, düwnük öýjüklerini ýok edip biljek maddalary öz içine alýar.
Horlanmak. Soganda beden syratyny zaýalap biljek hiç hili madda ýokdur. Munuň tersine, ol madda çalşygy işjeňleşdirmäge, açlyk duýgusyny basmaga ukyplydyr. Önüm berhiz saklamakda hem peýdalydyr, çünki iýmit çäklendirmeleri bolanda witaminleriň we minerallaryň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär.
Özüňi oňat duýmaklyk. Hünärmenler, soganlary yzygiderli iýmekligiň nerw ulgamynyň ýagdaýyna oňyn täsir edip biljekdigini aýdýarýarlar. Önüm ukyny kadalaşdyrmaga hem kömek edýär. Ýaş sogany gündelik iýmitiňize goşsaňyz, ysgynsyzlykdan dynyp bilersiňiz.
Beýni üçin. Soganyň ajaýyp häsiýetleriniň biri hem onuň beýnä edýän aýratyn täsiridir. Bu önümiň ulanylmagy ýatkeşligi ep-esli güýçlendirmäge we aňlaýyn meseleleri çözmäge kömek edýär diýip hasaplanýar. Şonuň üçin önüm akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar üçin zerurdyr.
Gülaýym IŞANOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.