Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

Görelde. Kitap. Terbiýe.

12-03-2021 / 20

Awtory: Orazmyrat Myradow,

“Nesil” gazetiniň jogapkär kätibi.

Taksä mündüm. Münenimdenem telefonymy elime aldym-da, okap oturan kitabymy açyp, başymy galdyrman okadym. Swetlana Aleksiýewiçiň «Sink oglanlar» kitabydy ol. Hakykatdan-da, oňa bir gyzaňsoň, başyňy galdyrasyň geljek däldi. Sürüji wagtal-wagtal yzyny görkezýän aýnadan garaýan eken. Öýe golaýlan uçurlarym ol ilkinji gezek söz gatdy: «Oýun oýnaýaňmy, dost?!». «Ýok, kitap okaýan» diýip, oňa haýsy kitaby okaýandygymy, näme baradadygyny aýtdym. Gyzykly kitaba aşa gümra bolanymda, şu günki ýaly, öz ulagymy sürmän, barjak ýerime çenli taksä münüp, kitap okaýanlygymy aýtdym…

Meniň aýdan bu sözlerimiň bary sürüjä öz beren sowalyna «hawa» diýen ýeke sözden ybarat jogap bolup eşidildi öýdýän. Ol özüniňem ölemen oýna berlendigini, bir başlasa, hiç goýup bilmeýändigini aýtdy.

«Kitap okaýarlar…» diýip, gürrüňe başlaýjak wagtym hem, barmaly ýerime ýetip, düşmeli boldum. Öýe gelenimden soň hem, birhili, ol sürüji bilen gürleşýän ýaly, oňa aýdaýmaly sözlerimi içimden gaýtaladym. Şol köp nokadyň (…) deregine nämeler goýup bilerdim?!

Başga-da köp kişiden eşidýän çagalarynyň telefonda aşa köp oýun oýnaýandygy barada. Hälki sürüjem aýtdy çagalaryna gahar edip, käte ellerinden telefonlaryny hem alýandygyny. Beýdibem çagany ol endiginden çürt-kesik boýun towladybam bolmasa gerek. Sebäbi olaryň göreldesi öňünde-dä: kakalary galman telefonda oýun oýnaýan bolsa, çagalar hem şeýle edäýmeli, meniň pikirimçe. Nämäni gadagan etseň, çaga-da şoňa beter meýilli borly-da…

Çagalaryň telefon oýnamagy saglygy we geljegi üçin zyýanlydyr.

Çagalaryň telefonda oýun oýnamagy saglygy we geljegi üçin zyýanlydyr. Çagalarymyzy goralyň.

Oýunlardan ünsüni sowup, çagada kitaba bolan höwes döretmek üçinem, şol kakanyňky ýalyrak usullara ýüzlenilse, ýerlikli bolsa gerek…Ýigit çykan ogly bilen kakasynyň çaga terbiýesi baradaky söhbetlerini okapdym birçak. Ol wagt häzirki ýaly telefonam ýok bolmaly. Kakasy: «Çagakaň men saňa her agşam irgözin ýatmagy sargaýardym. Sen bolsa hemişe öz diýeniňe tutýardyň. Ahyry men otagyň çyrasyny öçürip gaýdardym. Şonda sen näme işleýärdiň?». Ogly: «Barybir men wagty bilen ýatyp bilmezdim. Onsoň her gije tä uky gözümi büräýýänçä, ýorganyma bürenip, onuň aşagynda kiçijek çyrajygymy ýakyp, kitap okaýardym…» diýipdir. Kakasy: «Sen şonda çyranyň batareýalarynyň hiç haçan çökmeýändigi barada, heý, oýlanypmydyň…» diýipdir. Bu ýerdäki köp nokadyň (…) deregine «Men ony her gün täzeleýärdim» diýen sözleriň bolmalydygy hemmä düşnükli bolsa gerek.

Şu zatlary ýazdym-da, henizem hyýalymda hälki taksiçi bilen gürleşip oturan ýaly, «Göwnüňe almaweri, dost!» diýip, ulagyň gapysyny ýapan ýaly, depderimi ýapdym hem-de kitaby açdym…

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu