Güýz paslynda C witaminine baý bolan limona isleg artýar. Bu miwe sowuklamadan we dümewden gorap, immuniteti güýçlendirýär.
Limonyň gabygy hem diýseň peýdalydyr. Ol saça we derä ideg edilende hem giňden ulanylýar. Limonyň şiresi iýmit siňdirmäge ýardam edýär. Maglumatlara görä, sitrus miwesi hasaplanýan limonyň ilkibaşda Antalýada ösdürilip ýetişdirilendigi bellenilýär. Agaçda ösýän ak gülli köpýyllyk ösümlik bolan limonyň ýapragyndaky we miwesindäki efir ýagy oňa ys berýär.
Esasan hem, Egeý we Ortaýer deňzi sebitlerinde giňden ösdürilip ýetişdirilýän limon C, B6 witaminleriniň we kaliýniň çeşmesidir. Düzümi suwdan we şekerden ybarat uglewodlardan durýar. Limonda süýümiň, takmynan, 50-60 göterimi pektinden ybarat. Onda ýag we belok gaty az. Şeýle-de onuň düzüminde limon kislotasy, P witamini, diosmin, eriositrin we D-limonen ýaly antioksidantlar bolup, olaryň hersi degişlilikde lukmançylykda giňden ulanylýar.
Limon öý şertlerinde arassalaýyş işleri, ideg işleri we bejergi ýaly dürli maksatlar üçin hem ulanylýar. Düwürtigi, bokurdagy we üsgülewügi bejermekde hem täsirli bolan limon suwuna bir çemçe bal garyp içseň, bokurdak agyrysyny azaltmaga ýardam edýär.
Limon ýagy limonyň gabygyndan alynýan efir ýagydyr. Gabygynda dürli ysly ýaglar we üýtgäp durýan himiki birleşmeler bar. Limon ýagy, köplenç, aromaterapiýa önümlerinde hem peýdalanylýar. Limon ýagy dyrnagyň ýylmanak we berk bolmagyna kömek edip, ösüşini kadalaşdyrýar. Dilimlenip kesilen limon bilen bally çaý içilende süňňüň ýeňleýär, sowuklamadan nam-nyşan galmaýar.
Toýly MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 5-nji ýyl talyby.