Dünýäde hozuň dürli görnüşleri bolup, olaryň adam bedenine peýdalydygy hem mälimdir. Hoz C ýokumyna baý bolup, ol esasan beýniniň we gan damarlarynyň işleýşini gowulandyrýar. Degna bozulmalaryna kömek edýär, şeýle-de galkan şekilli mäz bilen baglanyşykly keseller üçin örän peýdaly.
Luizianna uniwersitetiniň barlag gejirijileri 14386 adamyň gatnaşmagynda synag geçirip, her günde hoz iýmegiň saglygy berkidýändigini, artykmaç agramdan dyndyrýandygyny subut etdiler. Iýmitinde yzygider hoz ulanýan adamlar ýürek we onkologik kesellere az duçar bolýarlar. Sebäbi hozuň ýagyna baý bolan iýmit howply çişmeleriň ösüşini haýalladýar. Hoz holesteriniň derejesini pese düşürip, her gün 30 gram iýlende, onuň derejesiniň ep-esli peselmegine ýardam edýär.
Hozuň maňzy adam saglygy üçin örän möhüm makro we mikroelementleri özünde saklamak bilen, olar süňklerdäki ýülikleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýärler. Onuň düzümindäki esasy mikroelementleriň biri bolan bor beden dokumalarynyň işini kadalaşdyrýar we bogunlarymyzy agyrydan halas edýär, süňkleri berkleşdirýär. Onuň maňzynyň düzüminde gandaky gemoglobini artdyrýan mis bar. Bu madda bedenimizi kadaly ýagdaýda kislorod bilen üpjün etmekde ähmiýetlidir.
Hoz iýmeklik ünsüňi bir ýere jemlemeklige kömek edýär. Ondaky magniý, E ýokumy, ýod ýaly maddalar bolsa ruhubelentligi üpjün edýär. Garaz, hoz iýip durmaklyk beden üçin peýdanyň öýjügi. Şeýle-de hoz we onuň ýapraklaryndan taýýarlanýan melhemleriň peýdalarynyň käbirlerini size ýetirýäris.
Diş etleriniň sowuklamasynda hozuň ýapraklaryndan gaýnadylan içgi bilen agyz çaýkalanda, olaryň keselden saplanmagyna kömek edýär.
Hoz agajynyň 3-4 nahar çemçe (45-75) gury owradylan ýapragyny ýartym litr (500) suwa atyp, içi syrçaly gapda, haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşde ulanmaly.
Üwelen hozlary zeýtun ýagy bilen goşup, agzy berk ýapylýan gapda 40 gün Gün düşmeýän ýerde saklamaly. Taýýar bolan emligi süzmeli. Her gün irden we agşam wena gan damarlarynyň çişen ýerlerine tä syrkaw doly gutulýança çalmaly.
Gülnur AGADURDYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.