Sagdyn durmuşSlider

Güýz we saglyk

25-09-2024 / 222

— Güýz paslynda howanyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

— Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň!

— Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý ediň!

— Nerw dartgynlylygyna sebäp bolýan ýagdaýlardan gaça duruň!

— Iş bilen dynç alşy utgaşdyryň!

— Sagdyn we kadaly iýmitleniň!

— Günüň dowamynda pesinden 5-6 sany gök önümleri we miweleri iýmegi unutmaň! Gök we miwe önümleri iýeniňizde, gigiýeniki talaplary berk berjaý ediň!

— Günüň dowamynda gerekli mukdarda 2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär.

— Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli içiň!

— Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp alyň!

— Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk berjaý ediň we çagalaryňyza-da elmydama köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwredip, ýatladyp duruň!

Seýit HOJANAZAROW,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu