Sagdyn durmuşSlider

Sitrus miweleri we saglyk

23-09-2024 / 477

Sitrus miweleriniň adam saglygyna ýetirýän peýdasy gaty uludyr. Bu miweler bedeni birnäçe ýokumlar bilen üpjün edip, onuň dürli ýokanç kesellere garşy göreşijiligini artdyrýar. Şeýle-de olar adam bedenini gözelleşdirmekde hem ähmiýetlidir. Maňzynda we gabygynda şeker, turşulyklar saklanýan bu miweler ýokumlaryň baý çeşmesidir.

Limon. Gündelik ulanylýan iýmitleriň biri bolan bu miwe uly adamlar bilen bir hatarda, esasan, çagalaryň saglygyny goramaga peýdasy uludyr. Ol işdäni açmakda bahasyna ýetip bolmajak önümdir. Bal bilen garylyp içilende sowuklama kesellerinde peýdalydyr. Limon azotly maddalara, mineral duzlara, ýokumlara, şeýle hem ýaralary mikroblardan zyýansyzlandyrýan fitonsidlere baýdyr.

Mandarin. Onuň düzüminde organiki turşular, kaliý we kalsiý has köpdür. Bu miwe onkologiki keselleriň öňüni almaga, bedeni gurplandyrmaga hem ýardam edýär.

Pyrtykal. Dürli minerallaryň, askorbin turşusynyň, antioksidantlaryň, flawonoidleriň, fitoelementleriň egsilmez çesmesi bolup, ol iň köp ýaýran we kän ulanylýan miwedir. Pyrtykal ýürek-damar, gipertoniýanyň, bagyr, iýmit siňdiriş we dem alyş ýollarynyň keselleriniň berhiz iýmitlenişinde bahasyna ýetip bolmajak önümdir. Şähdiňi açmak, keýpiňi ýokarlandyrmak üçin pyrtykal şiresini içmek maslahat berilýär. Ýöne iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellerinde miweleriň şirelerini suwsuz içmek maslahat berilmeýär.

Greýfrut. Bu miwe bagryň işine oňyn täsir edýär, gan basyşy kadalaşdyryp, işdäni açýar. Onuň daşy gyzyl görnüşi iň peýdalysy bolup, şiresi derini agardýar, ýüze öwüşgin berýär. Şol sebäpli onuň şiresinden alynýan maddalary gözellik serişdelerine goşýarlar.

Rejepmyrat GURBANMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu