Adam bedeni witaminleri we minerallary hemişe talap edýän görnüşde döredilip, olar sagdyn hem-de şadyýan şahsyýet bolmaga ýardam edýär. Lukmanlar immuniteti güýçlendirmek üçin ýaz we güýz aýlarynda immun ulgamyny güýçlendirýän witaminleridir minerallary ulanmagy maslahat berýärler. Şol bir wagtyň özünde, ylmy jemgyýetde onýyllyklaryň dowamynda emeli sintezlenen witaminleriň näderejede peýdalydygy baradaky jedelleriň bardygyna göz aýlalyň.
Bu ugurdaky uly göwrümli gözlegler ABŞ, Kanada, Şwesiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Ýaponiýa we dünýäniň beýleki ýurtlarynda geçirildi. Geçirilen gözlegleriň netijesi bolsa juda jedelli bolupdyr. Käbir hadysalarda emeli sintezlenen witaminler düýpli derejede täsir etmän, tersine, beýlekilerde oňyn netijeler gazanyldy. Şol sebäpden, amerikaly genetikleriň şol bir witaminleriň dürli adamlara dürli tarapdan täsir edýändigi, şeýle hem tebigy witaminleriň we minerallaryň, ýagny adamyň iýmitden alýan zatlarynyň iň uly peýda getirýändigi bilen ylalaşýarlar.
Immuniteti güýçlendirmek üçin näme edip bileris?
Ilki bilen, 100-200 gram guradylan erik, gara kişmiş, injir hem-de 50-100 gram hoz we 2-3 sany orta göwrümli limony alýarys. Soňra olaryň ählisini üwäp, üstüne zerur mikro-makro elementleriniň toplumy hasaplanýan ary balyny goşýarys. Taýýar bolan bu immun güýçlendiriji önümi maşgala agzalaryňyz bilen her gün irden we agşam bir çaý çemçesi iýmegiňiz ýeterlik. Bu usuly ýylyň dowamynda birnäçe gezek gaýtalaň.
Anwar KURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 5-nji ýyl talyby.