Çagalaryň şikes almagy dürli-dürli bolsa hem, köplenç, onuň döremeginiň sebäbi meňzeş. Oýnalýan meýdançanyň oňaýsyz bolmagy, çaganyň ünssüzligi, ene-atanyň gözegçilik etmezligi, oýun oýnalanda ýa-da sport bilen meşgullanylanda ýalňyş hereket edilmegi netijesinde çagada şikeslenme döräp bilýär. Şeýle-de çaganyň şikes almagynyň psihologiki sebäbi bolup bilýär. Bilesigelijilik, köp hereketlilik, ruhy emosional ýagdaýy, durmuş tejribesiniň azlygy ýaly sebäpler hem şikes döredip bilýär.
Ýoldaky şikeslenme. Ýol hereketiniň düzgünlerini bilmezlik, kiçi çagany ulag köp geçýän ýola ýeke goýbermek, ýoldan geçilende çaganyň elinden tutmazlyk ýol-ulag hadysalaryna duçar bolmak ýaly düzedip bolmajak ýagdaýlara getirjekdigi hakynda her bir ene-ata bilmelidir. Şeýle-de çagalarda şikesler, köplenç, doňaklykda, oýun meýdançalarynda (hiňňildikler, rolikler), welosiped sürmegi öwrenip başlanda duş gelýär.
Öýde bolýan şikeslenme. Şikesiň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Köplenç, olaryň sebäbi ulularyň ünssüzligidir. Ene-ata çagany öýde gözegçiliksiz goýmak bilen bir hatarda, ellemeli däl zatlary hem elýeter ýerde goýýar. Şol sebäpli şeýle ýagdaýlarda döräp biläýjek şikeslenmelerden goranmak üçin çagalara kiçiliginden öňüni alyş çärelerini öwretmek möhümdir.
Öýde nädip howpsuz gurşawy döretmeli?
• Aýnalar döwülmez ýaly edip goýulmaly we çagalar üçin gorag bilen üpjün edilmeli.
• Gyzgyn gaplar, ütükler gyzgynlygyna çagalaryň barýan ýerlerinde goýulmaly däl. Çagalary gaýnag ýa gyzgyn suwdan, hammamda ýuwunanda birden gyzgyn suwuň akmagyndan goramaly.
• Öýdäki hemme derman serişdelerini çagalaryň el ýeterinden uzakda goýmaly.
• Öýde hemme rozetkalar, elektrik enjamlar goraýjy örtükler bilen örtülen bolmaly. Çaganyň elektrik togy bilen bagly şikeslenmäni almagyna ýol bermeli däl. Mekdep ýaşly çagalara elektrik enjamlarynyň ulanylyşyny, tehniki howpsuzlyk düzgünlerini düşündirmeli.
• Çaga saçak başynda dogry oturmagyň medeniýetini öwretmeli.
• Hiňňildikde oňaýly uçmagyň düzgünlerini (iki eliň bilen ýapyşyp oturmagy, hiňňildik doly duranyndan soň düşmegi) düşündirmeli.
Nädip öňüni almaly?
• Döwülen aýnalar, çüýşeler çagalaryň şikes almagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Şonuň üçin döwüläýjek gaplary, gaýçylary çagalaryň eliniň ýetýän ýerinden daşda goýmaly. Uly çagalara bolsa, olary howpsuz ulanmagyň usullaryny öwretmeli. Çagalara biri-birine daş zyňmak, ýiti zatlar bilen oýun etmegiň howpludygyny düşündirmeli.
• Çagany (aýratyn-da kiçi ýaşly çagany) öýde ýeke galdyrmaga endik etmeli däl. Öýde bolnanda-da onuň her bir hereketini üns merkezinde saklamaly.
• Çagalara howpsuz durmuş endiklerini öwretmeli. Olara gaz ojagyny özbaşdak ýakmazlygy ýa-da elektrik enjamlaryny, himiki serişdeleri ellemeli däldigini düşündirmeli. Himiki serişdeleri, gyzgyn zatlary çaganyň eliniň ýetýän ýerinde goýmaly däl.
• Çaga naharlananda iýmitiň, çaýyň gyzgyn däldigine göz ýetirmeli.
• Üns bermeli zatlar hakynda çagalara aýdyp durmaly. Bolup biläýjek şikesler barada söhbetdeş bolmaly. Özi-de «ellemek gadagan», «ellemeli däl» diýen sözler bilen däl-de, eger elläýen ýagdaýynda güýçli agyrynyň we beýleki ýagdaýlaryň dörejekdigini düşündirmeli.
• Çagalara eden hereketine jogapkärli bolmalydygy barada düşündirmek wajypdyr.
• Çagada çeýeligi, çalasynlygy, ownuk hereketleriň sazlaşygyny dogry alyp barmagy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegi öwretmeli.
Çaryguly BAZAROW,
Lebap welaýat Enäniñ we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň trawmatologiýa-ortopediýa bölüminiñ müdiri.