Siziň üçin...Slider

5 usulda ýatkeşligiňizi ösdüriň!

27-08-2024 / 328

Köp adam örän ýatkeş bolýar, telefon belgisini ýa-da goşgyny aňsatlyk bilen ýat tutýar. Käbiriniň bolsa, ýatkeşligi pesräk bolýar. Adamyň ýatkeşligini ösdürmegiň dürli ýollary bar. Eýsem, ýatkeşligi nähili ösdürip bolýarka?!

Hyýalyňda janlandyrmak: göz bilen görlen zat ýatda galyjy bolýar. Bir köçäniň adyny ýadyňyzdan çykarmagyňyz mümkin, emma gidip gören ýeriňizi gaýtadan tapmak o diýen kyn bolmaýar. Adam atlary hem şeýle: ýüzi tanyş, emma ady ýadyňa düşmeýär. Okan ýa-da diňleýän zadyňyzy ozal görmedik bolsaňyz, ony hyýalyňyzdan janlandyrmaga synanyşyň! Bu hekaýa, erteki ýa-da waka bolup biler.

Wagtly-wagtynda uklamak: uky diňe ýady güýçlendirmän, eýsem, beden saglygy üçin hem ähmiýetlidir. Munuň üçin gijeki uky arakesmesiz bolmaly. Ukyňy mazaly almak ünslüligi berkidýär. Biri bir zat ,gürrüň berende, ony üns bilen diňlemli. Pikirimiz başga ýerde bolsa gürrüň berlen zadyň ýatda galmagy hem mümkin bolmaýar. Ozal bize nätanyş bolan ýere baranymyzda üns bilen seretmedik bolsak, ol ýeriň nähilidigi ýadymyzda galmaz. Şol sebäpli bir zadyň ýadymyzda galmagy üçin oňa mazaly seretmeli ýa-da aýdylýan bolsa ünsli diňlemeli.

Dogry iýmitlenmek: iýýän iýmitlerimiziň hem ýatkeşligimize peýdasy bar. Lukmanlar hoz, limon, käşir, süýt önümleri, nar, balyk, ýumurtga we däneli iýmit önümleriniň ýatkeşligi berkidýändigini belleýärler.

Maşk etmek: gündelik beden maşklary bilen bir hatarda beýnä-de maşk etmegi unutmaly däl. Aňy ösdürýän oýunlar oýnamak, beýnä maşk etdirmegiň usullarynyň biri hasaplanýar. Sudoku, krossword, Rubigiň kubigi ýaly tapmaçalary çözmek, tangram, pazzl ýaly oýnawaçlary oýnamak, küşt, şaşka ýaly paýhas oýunlaryny oýnamak ýatkeşligiň güýçlenmegine täsir edýär. Öz araňyzda sanlary ýatdan köpeltmek oýnuny hem oýnap bilersiňiz.

Wagtynda arakesmä çykma: arakesme diňe okuw wagtynda däl, hemişe-de gerekli. Haýsydyr bir uzak wagt edilende ýadadýar. Arakesmede edilýän işden ünsüňi sowup, başga zada güýmenmek, diňe arassa howadan dem almak netijeli bolar. Bu ýagdaý kitap okalanda ýa-da bir zat ýat tutulanda hem şeýledir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu