
Inçekesel ýokanç kesel bolup, ony döredýän Kohuň taýajyklary howa-damja ýoly bilen geçýär. Ylaýta-da inçekeselli näsag bar bolan maşgalalarda keseliň ýokuşmak töwekgelligi ýokary bolup durýar. Ol näsag asgyranda, üsgürende, gakylygyny tüýkürende, gürlände kesel döredijiler sagdyn adama howa arkaly aralaşýar. Çagalaryň arasynda inçekeseliň öýken görnüşi, limfa düwünleriniň inçekeseli, inçekesel meningiti, süňk-bogun ulgamynyň inçekeseli duş gelip, wagtynda ýüze çykarylan ýagdaýlarda gutarnykly bejerip bolýar.
Çagalarda inçekesel ysgynsyzlygyň döremegi bilen başlanýar. Horlanma, gaharjaňlyk ýa-da sussupeslik, sapaklaryna ýetişiginiň peselmegi, deri örtüginiň solak reňkde bolmagy, üsgülewük, demgysma, beden gyzgynynyň 37,5 dereje we ondan hem ýokary bolmagy, limfa düwünleriniň ulalmagy ýaly alamatlar bolýar. Käbir ene-atalar bu alamatlary dümew ýa-da sowuklamanyň alamaty diýip, wagtynda lukmana ýüz tutmaýarlar. Netijede bolsa, bu keseliň agyr görnüşlere geçmegine sebäp bolýarlar.
Inçekesel bilen keselçilik jemgyýetiň sosial derejesine, saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýyna, onuň ylmy-tehniki bazasyna baglydyr. Ilatyň hal ýagdaýy näçe pes boldugyça, inçekesel bilen keselçilik şonça-da artýandyr. Aýallara garanyňda, 30-40 ýaşly erkek adamlar inçekesel bilen kän keselleýändirler. Özi hem olarda keseliň agyr görnüşleri duş gelýändir. Inçekesele durgunlylyk çagalyk we ýetginjeklik döwründe pes bolup, uly adamlarda ol ýokarydyr. Ýöne öňüni alyş çärelerini geçirmek we waksinasiýa bu tapawudy aradan aýyrdy.
Inçekeseli anyklamak üçin çagalarda hökmany suratda Mantu synagyny, ganyň umumy barlagyny hem-de rentgen barlagyny, eger limfa düwüniniň inçekeseli bolan ýagdaýlarda sitologiýa barlaglaryny geçirmelidir. Inçekesel nesilden-nesle geçiji häsiýete eýe däl, arassaçylyk düzgünleri berjaý edilende, durmuş hajatly zatlaryň üsti bilen hem geçmeýär. Inçekeseliň öňüni almak üçin kadaly iýmitlenmeli, işi dynç alyş bilen utgaşdyrmaly, nerw dartgynlygyndan gaça durmaly, immuniteti dikeldiji, berkidiji suw we sport çäreleri bilen yzygiderli meşgullanmaly, arassaçylyk kadalaryny talabalaýyk berjaý etmeli.
Inçekeseli anyklamak üçin bu ugurdaky hassahanalar döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Welaýatymyzda inçekesel DOTS ýörelgesi boýunça bejerilýär. DOTS ýörelgesi gysga wagtyň dowamynda lukmanlaryň pugta gözegçiligi esasynda derman arkaly bejermekdir. Şonuň üçin her bir saglyk öýünde DOTS otaglary gurnaldy. Häzirki wagtda inçekesele garşy derman serişdeleri bilen doly üpjün edilendir.
Inçekeseliň öňüni almakda, keseli irki döwründe anyklamakda ýörite çäreler toplumy geçirmek hökmandyr:
- Dem alyş ýollarynyň dowamly kesellerini öz wagtynda bejermek;
- Inçekesel keselhanalarynda näsaglary hasaba alyp, bejeriş işlerini geçirmek, gözegçilikde saklamak;
- Inçekeselli näsaglara hususy gigiýenanyň kada-düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygyny nygtamak, keseliň aktiw fazasynda näsagy üzňelikde saklamak (izolirlemek);
- Köpçülikleýin barlag çärelerini geçirmek – ýylda bir gezek geçirilýän flurografiýa barlagy inçekeseli irki döwründe anyklamaga kömek edýär;
- Öňüni alyş waksinasiýany meýilnama boýunça geçirmek.
Saglygymyz öz elimizdedir. Şonuň üçinem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn ýaşalyň!
Ruslan ÝULDAŞEW,
Darganata etrap hassahanasynyň inçekeseller bölüminiň lukmany.