
Filologiýa we biologiýa ylymlarynyñ doktory, professor Tatýana Çernygowskaýanyñ pikiriçe, daşary ýurt dillerini öwrenmeklik neýrofiziologiýa nukdaýnazardan peýdaly bolmak bilen, XXI asyrda bilingwizm täze norma hökmünde kabul edilýär. Professor beýnini akyl zähmeti bilen üpjün etmek arkaly ony elmydama kämilleşdirmegiñ tarapdary. Daşary ýurt dillerini öwrenmegiñ we terjimeçilik işiniñ wezipesi kelle beýnisiniñ ösüşine ýardam etmek bolup durýan bolsa-da, onuñ bähbitli taraplary diñe şular bilen çäklenmeýär.
Alsgeýmer keseliniñ öñüni alýar
Torontonyñ Ýork uniwersitetiniñ psihology Ellen Belostok we onuñ kärdeşleri birnäçe ylmy-barlaglaryñ netijesine görä, daşary ýurt dillerini öwrenmeklik Alsgeýmer keseliniñ öñüni alýar, diýip belleýärler. Bir dil bilýän näsaglar bilen deñeşdireniñde, iki dil bilýänlerde Alsgeýmer keseli ortaça 4 ýyl soñ ýüze çykýar, diýip nygtaýarlar.
Ünsüñi jemlemegiñ ösmegi
Dil öwrenmeklik ulgamlaýyn zähmeti hem-de ukyp-başarnyklaryñy ösdürmekligi göz öňünde tutýar. Ol bolsa öz gezeginde, biraz erjelligi we köp dykgaty talap edýär. Has dykgatly bolmagyñyz üçin dil öwrenmeklik maslahat berilýär.
Neýrogenez hadysasy işjeñ geçýär
Poliglotlarda ( birnäçe dil bilýän adamlarda) nerw öýjükleriniñ işleýşi sazlaşykly bolmak bilen, nerw öýjükleriniñ generasiýasy işjeñ geçýär. Ol bolsa, beýnini çeýe etmek bilen, täze maglumaty özleşdirmegi tizleşdirýär. Islendik daşary ýurt dilini öwrenmeklik daşky gurşawy kabul etmek başarnyklaryny- maglumatlary seljermegi, ünsi, ýatkeşligi we sözleýşi ösdürýär.
Aýdyñ akyl
Diñe bir beden ýa-da ruhy taýdan sagdyn bolman, eýsem akyl taýdan hem sagdyn bolup bilersiñiz. Käbir alymlaryñ bellemegine görä, dil öwrenýänleriñ akyl taýdan sagdynlygy hem-de ýaşlygy 5 ýyla golaý uzaýar.
Ykbal AZADYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň durmuş-ynsanperwerlik fakultetiniň talyby.