Sagdyn durmuşSlider

Uklamak üçin alty maslahat

17-05-2024 / 166

Köplenç, käbir adamlar ukusyzlykdan, ýagny uzak gije ýatyp bilmän ejir çekýärler. Munuň birnäçe sebäpleri bolup, ýadawlyk, haýal pikirlenmek, ünsüňi jemläp bilmezlik ýaly birentek  näsazlyklar uky bilen berk baglanyşyklydyr. Ýöne birnäçe minudyň dowamynda aňsatlyk bilen uka gitmeklik mümkin. Şol mümkinçiligiň  size kömek etjeginiň alty sanysyny size maslahat berýäris.

1. Barmaklary owkalamak. Aýaklarymyzyň barmaklary, aslynda, bedenimiziň iň bir duýgur ýerleriniň biri. Olary emaý bilen elläniňizde, has çalt rahatlanarsyňyz. Şol sebäpden her gün ýatmazyňyzyň öň ýanynda olary birki minuda golaý owkalaň.

2. Sanlary yzlygyna sanamak. 1,2,3,4,5,6… diýip sanamagyň, dogrusy, känbir peýdasy ýok. Şonuň üçinem, mysal üçin goýunlary 100-den başlap, üç-üçden azaldyp gaýdyň. Olary şeýdip sanamagyň düýp sebäbi kellämizdäki pikirlerden ünsümizi sowmak. Beýnimizi şeýdip meşgul etseňiz, has çalt uka gidersiňiz

3. Jyňňyrdaýan sagat ulanyň! Telefonyňyz, kompýuteriňiz, ýa-da ýatýan otagyňyzdaky islendik elektrik enjamlar sizden azyndan 1,5 metr uzakda bolmaly. Eger oýaryjyny (budilnik) goýman, ukudan turup bilmerin öýtseňiz, telefonyň oýaryjysyny ulanmaň-da, ýörite jyňyrdaýan sagat ediniň. Çünki ýatmazyňdan ozal jaň gelse ýa-da telefonyň içine güýmenilse, beýnini ukudan gaçyryp biler.

4. Dem alyp, goýbermek usuly. Ilki diliňizi kentlewügiňize degirmeli we bu usul tamamlança ony şol ýerden aýyrmaly däl. Soňra ilki 4 sekuntlap burnuňyzdan dem alyň. Soň 7 sekunt dem alman duruň-da, 8 sekuntda-da ýuwaşjadan demiňizi goýberiň. Muny 4 gezek yzly-yzyna gaýtalaň. Nähili tapawut edýandigini görersiňiz. Süňňüňiz agralyp, uky basmarlap ugrar. Bu usuly üç günläp barlamagyňyz peýdalydyr.

5. Uklamazdan ozal süýji iýmäň. Bedenimizäzdäki şeker mukdarynyň artmagy ýa-da azalmagy uka gitmekde kösenmegiňize ýa-da ukyňyzy bölüp biler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, 2 sagat öň şeker bilen, şol sanda miweler bilen  hem arany üzmeli.

6. Uky tertibini saklaň! Uky şertleriňiziň, ýagny tertibiniň üýtgewsizligi möhümdir. Ýatýan otagyňyzyň tempraturasynyň üýtgemezligi we ýatmazdan ozal oatgyňyzyň bbi alym ýeljiredilmegi gerek. Galyberse-de, uky tertibini bozmazlyk üçin her gün şol bir wagtda uklamaga çalşyň.

Enejan BAÝEZITOWA,
Dänew etrap hassahanasynyň “Jendi” oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu