Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalar çuňňurdyr. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her bir ynsanyň zähmet we dynç alyş şertlerini ýokary hilli gurnamak, kadaly iýmitlenmegi ýola goýmak, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek döwletimiziň baş maksatlarynyň birine öwrüldi. Şol ýaramaz endikleriň biri hem ynsan saglygy üçin iň bir howply bolan çilimkeşlikdir.
Çilimiň tüssesi has-da kiçijik çagalar üçin zyýanlydyr. Çilimkeşiň merkezi degna ulgamy mydama dartgynly ýagdaýda bolýar. Sebäbi nikotin degna ulgamyna oýandyryjy täsir edýär. Beýni damarlarynyň gysylmagy esasynda gan aýlanyş peselýär. Şonuň üçin hem degna öýjüklerine barýan kislorodyň möçberi azalýar. Çilimkeşiň işjeňligi pese düşýär, ýady kütelýär, erk-islegi bozulýar. Mundan başga-da, çilimkeşlere gaharjaňlyk, ukusyzlyk we kelleagyry ýaly alamatlar mahsusdyr. Çilim çekilen mahaly ýüregiň urgusy 10—18 urgy köp urýar we diňe çilim çekilip 15—20 minut geçen soň kadalaşýar. Egerde çekilen çilimiň täsiri 30—40 minuda çenli saklanýan bolsa, onda her sagatda 1 çilim çekýän adam ganaýlanyşygyny mydama dartgynlykda saklaýar we günüň dowamynda onuň ýüregi 10 müňlerçe urgyny artyk edýär. Diňe bir çilim çekmeklik däl, eýsem, çilim çekýänler bilen bir otagda bolmak hem saglyk üçin zyýanlydyr. Sebäbi çilim çekilýän otagda 1 sagat oturmak 4 çilim çeken bilen deňdir. Temmäki tüssesiniň diňe 25 göterimi çilimkeşiň öýkenine düşýär, galan 75 göterimi howa ýaýraýar we töwerekdäkileriň saglygyna howp salýar. Temmäki tüssesiniň beýleki beden agzalaryna salýan howpuny hem ünsden düşürmek bolmaz. Bu maglumatlar, dogrudan-da, ynsan saglygyna howp salýan çilimkeşlik bilen düýpli göreşmegiň zerurlygyny aňladýar.
Köpçüligiň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri, çilimiň saglygy haraplaýjy täsiri barada halka ýetirilýän maglumatlar, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegi gadagan edýän kararlaryň kabul edilmegi netijesinde çilimkeşleriň sany azaldy.
Döwletimiz berkarar, ilimiz bagtyýar. Şeýle ajaýyp zamanamyzda hiç bir adamyň saglygyna we bagtyna kölege saljak zyýanly endiklere biziň aramyzda orun bolmaly däldir. Asuda ýurdumyzda, arassa Asmanyň astynda her bir ynsana ýaşamak, okamak, döretmek, zähmet çekmek üçin ähli gapylar giňden açylandyr.
Begenç KERIMOW,
Lebap welaýatynynň Darganata etrabyndaky Çarwadar geňeşliginiň oba saglyk öýüniň maşgala feldşeri.