Sagdyn durmuşSlider

Zyýanly endiklere garşy bilelikde göreşeliň!

08-05-2024 / 64

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalar çuňňurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr»  diýen şygaryna eýerip,  her bir ynsanyň zähmet we dynç alyş şertlerini ýokary hilli guramak, kadaly iýmitlenmegi ýola goýmak, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek döwletiň baş maksatlarynyň birine öwrüldi.

Şol ýaramaz endikleriň biri hem ynsan saglygy üçin iň bir howply bolan çilimkeşlikdir. Ýer ýüzünde ilatyň 40 göterimi çilim çekýär we olar 15—24 ýaş aralygyndaky adamlardyr. Nikotiniň 50—100 milligramy ynsan  üçin ölüm möçberidir. Çilim çekýänleriň ömri öz deň-duşlaryna garanyňda 6—8 ýyl gysgadyr. Çilim çekýänleriň arasynda çilim çekmeýänler bilen deňeşdirilende ölüm 30—40 göterim  ýokarlanýar. Çilimiň tüssesi has-da kiçijik çagalar üçin zyýanlydyr. Çilimkeşiň merkezi degna ulgamy mydama dartgynly ýagdaýda  bolýar. Sebäbi nikotin degna ulgamyna oýandyryjy täsir edýär. Beýni damarlarynyň gysylmagy esasynda gan aýlanyş peselýär. Şonuň üçin hem degna  öýjüklerine barýan kislorodyň möçberi azalýar. Çilimkeşiň işjeňligi pese düşýär, ýady kütelýär, erk-islegi bozulýar. Mundan başga-da, çilimkeşlere gaharjaňlyk, ukusyzlyk we kelleagyry ýaly alamatlar mahsusdyr. Çilim çekilen mahaly ýüregiň urgusy 10—18 urgy köp urýar we  diňe çilim çekilip  15—20 minut geçen soň kadalaşýar. Egerde çekilen çilimiň täsiri 30—40 minuda çenli saklanýan bolsa, onda her sagatda 1 çilim çekýän adam ganaýlanyşygyny mydama dartgynlykda saklaýar we günüň dowamynda onuň ýüregi 10 müňlerçe urgyny artyk edýär. Diňe bir çilim çekmeklik däl, eýsem, çilim çekýänler bilen bir otagda bolmak hem saglyk üçin zyýanlydyr. Sebäbi çilim çekilýän otagda 1 sagat oturmak 4 çilim çeken bilen deňdir. Temmäki tüssesiniň diňe 25 göterimi  çilimkeşiň öýkenine düşýär, galan 75 göterimi  howa ýaýraýar we töwerekdäkileriň saglygyna howp salýar. Temmäki tüssesiniň beýleki beden agzalaryna salýan howpuny hem ünsden düşürmek bolmaz. Bu maglumatlar dogrudan-da, ynsan saglygyna howp salýan çilimkeşlik bilen düýpli göreşmegiň zerurlygyny aňladýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň 1988-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş assambleýasynyň 42-nji sessiýasynda 31-nji maý «Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni» diýip bellenmegi hem bu howply endige garşy aýgytly ädilen ädimdir.

Köpçüligiň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri, çilimiň saglygy haraplaýjy täsiri barada halka ýetirilýän maglumatlar, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegi gadagan edýän kararlaryň kabul edilmegi netijesinde çilimkeşleriň sany azaldy.

Döwletimiz berkarar, ilimiz bagtyýar. Şeýle ajaýyp zamanamyzda hiç bir adamyň saglygyna we bagtyna kölege saljak zyýanly endiklere biziň aramyzda orun bolmaly däldir. Asuda ýurdumyzda, arassa Asmanyň astynda her bir ynsana ýaşamak, okamak, döretmek, zähmet çekmek üçin ähli gapylar giňden açylandyr.

Sylap Abdullaýew,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hirurgiýa bölüminiň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu