Ähli pasylda saglygymyza ygtybarly bolmak möhüm talap bolup durýar. Şol sebäli her bir adam sagdynlyk kadalaryny berk berjaý etmeli. Biziň bu maslahatlarymyz bolsa ýazyň has yssy günlerinde, tomus paslynda saglygyňyzy goramak üçin ähmiýetlidir.
- Yssy günlerde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň!
- Yssy howada günüň dowamynda 2,5 — 3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr.
- Saýawanyňyzy we agyz suwuňyzy ýanyňyzdan goýmaň!
- Yssy howadan öýe girilende, hökman der siňen eşigiňi çalyşmaly, sowadyjynyň öňünde durmakdan saklanmaly.
- Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär. Şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň!
- Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!
- Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň!
- Lukman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň!
- Iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary dogry berjaý ediň, iýmitleri diňe söwda merkezlerinden satyn alyň, öý şertlerinde talabalaýyk saklaň!
- Arassaçylyk kadalaryny berjaý ediň!
- Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýiň!
- Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
Zöhre TEJIBAÝEWA,
Darganata etrap hassahanasynyň lukmany.