Ynsan saglygy immun ulgamynyň işjeňligi bilen berk baglanyşyklydyr. Bedeniň immun ulgamyny berkitmek üçin açyk howada gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak, zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Esasan-da, dogry iýmitlenmek bedeniň ätiýaçlyk güýjüni artdyrmak bilen bir hatarda, dürli keselleri döredijilere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Çünki adam bedeni üçin witaminleriň ähmiýeti örän uludyr.
«A» witamini — güýçli antioksidant bolmak bilen, immun ulgamy erkin radikallardan gorap, deriniň we nemli bardanyň guramasynyň hem-de jaýrylmasynyň, bakteriýalaryň organizme aralaşmagynyň öňüni alýar. Bu witamin bedende toplanyp bilýär, şol sebäpli onuň gereginden artykmaç möçberde kabul edilmegi maslahat berilmeýär. A witamine baý önümler: gyzyl we mämişi reňkli gök önümler hem-de miwelerdir.
«B» witamini — stresli we kesel geçirilenden soňky döwürde immuniteti sazlaýar, ýokançlar bilen göreşde antibedenjikleriň bölünip çykmagyna ýardam edýär. Bu witamine baý iýmit önümleri: kösükli ösümlikler, günebakar çigidi, hoz, süle ýarmasy.
«C» witamini — damarlaryň diwaryny berkitmek bilen, immun öýjükleriň emele gelmegine gatnaşýar. Öýjükleri erkin radikallardan goraýar, organizmi wiruslardan goraýan antibedenjikleriň we interferonlaryň emele gelmegini ýokarlandyrýar. Bedeni daşky gurşawyň oňaýsyz täsirlerinden, ýagny her dürli ýokançlardan, bedeniň aşa sowamagyndan goraýar we strese garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar. Bu witamine baý önümler: itburun, smorodina, sitrus miweleri, kiwi, zemlýanika, hurma, kelem, bolgar burçy, pomidor.
«D» witamini — adam bedeninde immun ulgamynyň zynjyryna gatnaşýar. Bu witamin organizmde ultramelewşe şöhlesiniň täsirinde 7-degidro holesterinden witamin D3-e öwrülýär. D3 bolsa kalsitriola öwrülýär. Kalsitriol gormonal wezipäni ýerine ýetirýär. Kalsiý bilen fosfatlaryň madda çalşygyny sazlaýar, ýagny içegede kalsiniň sorulmagyna, süňk dokumasynyň kalsiý bilen baýlaşmagyna ýardam berip, öýjügiň sowuklamagynyň öňüni alýar. Bu witamine baý iýmit önümleri: mesge, ýumurtga sarysy, balyk ýagy.
«E» witamini — dokumalaryň we öýjükleriň sowuklamagynyň öňüni alýar hem-de garramagyny haýalladýar. Mundan başga-da, öýjükleri erkin radikallardan goraýar. Bu witamine baý iýmit önümleri: hoz, ösümlik ýaglary, süle ýarmasy, kösükli ösümlikler.
Ýusup ALLANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.