Sagdyn durmuşSlider

Atçylyk sporty we saglyk

21-04-2024 / 15

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde atçylyk sportyny ösdürmäge hem giň ähmiýet berilýär. Çünki at münmegiň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplary kändir. Abu Aly ibn Sina hem öz ylmy işlerinde at münmegiň tutuş bedeni işjeňleşdirýändigini aýdypdyr. Atçylyk bilen meşgullanýan adamlarda ýokary duýgular kemala gelip, olarda emosional dartgynlyk, stres ýagdaýlary ýok bolýar.

Atçylyk sporty daýanç-hereket ediş ulgamynyň näsazlyklary bilen kesellän adamlar üçin aýratyn peýdalydyr. Bu peýdaly endikleri hemra edinen adamlaryň ukusy kadaly, nerw ulgamy rahat bolýar. Atly gezelençde bedeniň ähli myşsalary herekede gelip, adam özüni has güýçli duýýar. Olaryň şähdi açyk, ruhy belent bolýar. Atly gezelençden soň ýüregiň işleýşi kadalaşyp, bedeniň kislorod bilen üpjünçiligi hem ep-esli gowulanýar. Bu bolsa ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda aýratyn ähmiýete eýedir. Artykmaç agramdan saplanmakda, bedeniň ganaýlanyşygyny gowulandyrmakda hem atly gezelenç peýdalydyr. Çünki atly gezelenç etmek işjeň ýöremek bilen deňdir.

At üstündäki gezelençden soň adamyň gan basyşy kadalaşyp, nerw-myşsa geçirijiligi gowulanýar, rahatlylyk, şähdaçyklyk, ruhubelentlik, keselden sagalma ynamy döreýär. Hut şonuň üçin hem atçylyk sporty bilen meşgullanýanlar daýanç-hereket, nerw, ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerinden daşda bolýarlar.

Nurjemal GURBANOWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrap kitaphanasynyň Berzeň geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu