Böwürsleniň ýapragy, köki, miwesi dermanlyk häsiýete eýedir. Tokaý böwürsleni öz düzümi boýunça bakjada ösdürilip ýetişdirilýän görnüşden hiç hili üýtgeşikligi ýok. Adatça, tokaý böwürsleniniň kökünden başlap, miwesine çenli tutuşlygyna ulanylýar, bakja görnüşiniň bolsa, esasan, miwesi we ýapraklary ulanylýar.
Böwürsleniň melhemlik häsiýeti ylmy taýdan hem subut edilip, ol iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, ýürek üçin peýdaly hasaplanylýar. Böwürslen deriniň garramagynyň we görejiň peselmeginiň öňüni alýar. Miwedäki E witamini deri ýaglarynyň işlenip çykarylyşyny kadalaşdyrýar, derini iýmitlendirýär we çyglylandyrýar, wagtyndan öň ýygyrtlaryň peýda bolmagynyň öňüni alýar. Böwürsleniň baý düzümi süňkleriň berkligini goramaga ýardam berýär. Kalsiý we fosfor süňki berkidýär, magniý bolsa kalsiniň bedende özleşmegine täsir edýär. Böwürslendäki K witamini beloklary özleşdirmekde we osteoporoz keseliniň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.
Oguljeren HOJATOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.