Sagdyn durmuşSlider

Remezan aýynda horlanmak üçin näme etmeli?

07-04-2024 / 14

Remezan aýynyň soňky günleri dowam edýär. Sagdyn iýip, Remezan aýynda hünärmenleriň aýdýanlaryny diňläp, agram salmazlyk, hatda horlanmak bolsa mümkin däl! Oraza tutanyňyzda horlanmagyň syrlaryny size ýetirýäris:

Remezan aýynda jemgyýetimiziň iýmitlenişinde uly üýtgeşiklik bolýar. Günüň köpüsinde iýmit iýilmeýänligi sebäpli, selärlik we iftar naharlaryna aýratyn üns berilýär. Irden iýilýän selärlik nahary we bütin gün aç bolansoň iftar saçagy gaty seresaplylyk bilen taýýarlanýar. Iýmitleniş endikleriniň bu üýtgemegine baglylykda, ideg edilmese saglyk näsazlyklary ýüze çykyp biler. Aslynda, bu döwürdäki maksat ýeterlik we deňagramly iýmitlenmek bolmaly.

Ýeterlik we deňagramly iýmitlenmek, adamyň energiýasyny günüň dowamynda deňagramly paýlamagy we her naharda her iýmit toparyndan sarp etmäge synanyşmagy aňladýar. Az nahar iýmek ýadawlyga, konsentrasiýanyň peselmegine, ganyň şekeriniň pesligine we gündiz ukusyna sebäp bolýar. Şol sebäpli esasanam süýji keseli, gan basyşy ýa-da ýürek problemalary bolan adamlar lukman bilen maslahatlaşmazdan agyz beklemeli däldir.

Iftar nahary üçin gök önüm esasly çorbalary, bugdaý ununy, çowdary ýa däneli, ak et ýa-da et bilen gök önümli taýýarlanan tagamlary saýlap bilersiňiz. Nahar iýmek isleseňiz, miwelerden we hozlardan peýdalanyp bilersiňiz. Elbetde, selärlik bilen sahuryň arasynda köpräk suw içmegi ýatdan çykarmaň!

Maýa GUBAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Tikin önümçiliginiñ tehnologiýasy hünäriniň 218-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu