Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

Tymsallar

17-02-2021 / 32

Möjek bilen it

Bir gezek gün ýaşan çagy möjek bilen it çöl-sahrada gabat gelşipdirler. Edil ur-tut harçaňlaşybermeli diýlen zat ýok, uruşdan ozal gep-gürrüň, abaý-syýasatam bardyr-a.

— It aga, görgürligiň neneňdir? — diýip, möjek iti synap görmek üçin sowal beripdir.

— «It gözi tütün bilmez» diýip eşitmänmidiň. Tüssäniň içinde-de aýna ýaly durudyr bu gözler. Gözümden nalasam-a ýalan sözledigim bolar, möjek han — diýip, it öwnüpdir.

— Bä, şeýlemi?!

— Howwa…

— Hany, onuň ýaly bolsa aýt, ho-ol, dagyň başyndaky yşyk näme?

— Şonam göreňokmy? Ot ýanyp dur ahyryn.

— Oduň başynda kim bar?

— Çopan tabagyny öňüne alyp otyr.

— Çopanyň elindäki näme?

— Çemçesi bar elinde.

— Çemçesinde näme bar?

— Naharyň bir owurt suwy bar-da.

— Başga näme bar?

— Başga hiç zadam ýok.

— Oňatja seretsene…

— Seretdim-how…

— Wah, çopanam görenok-da…

— Sen görýän bolsaň, aýt hany, näme bar?

— Çemçesiniň ujunda gyl bar, çopan şony görenog-aý. Be-eý, it aga, seniňem görgürligiň ugry ýok eken-ä — diýip, möjek iti utandyrypdyr.

 

Husyt pyşdyl

Gargyşa galanyň her hili külpet başyna geler ekeni. Pyşdyl, gör, nä güne düşüpdir. Güýe baýyňkydan ibaly däl.

Bir gün pyşdyl zordan gününi görüp ýören goňşusy dul aýaldan bir çanak galla diläpdir. Ol aýalam dözmändir-de, bir uly çanagy dolduryp berip goýberipdir. Aradan kän wagt geçenden soň Pyşldylyň bergisi ýadyna düşüpdir. Şonda ol öz ýanyndan «Akly çaşan garry hatyn, nähili çanakda berendigini-de unudandyr. Oňa şu-da bor» diýip, pyşdyl kiçijik çanagy galladan dolduryp, goňşusynyň ýanyna barypdyr. Öz ýanyndan hondan bärisi bolubam:

— Sen ýadyňdan çykaran bolsaňam, men unudamok. Birmahal bir çanak galla beripdiň. Şonyňy al, goňşy — diýipdir.

Şonda ýazyksyz hatynyň oňa gahary gelip, gargapdyr:

— Alyp giden çanagyň üstüňe, getireniňem astyňa gap bolsun. Bar, git. Ýok bol, gözüme görünme — diýip, ony kowup goýberipdir.

Pyşdyl yzyna dolananda asty-üsti çanakly süýrenip gaýdypdyr. Onuň indi şol bolup ýörşi-dä.

 

Ahmet HALMYRAT.

ýazyjy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu