Remezan aýynda dogry maşklar bilen sport endigiňizi saklap, agramyň ýokarlanmagynyň öňüni alyp bilersiňiz.
Uzak wagtlap aç galanymyzda, bedenimiz energiýa çeşmesi bolan iýmitlerden mahrum bolýar. Şonuň üçin agyz beklemekde haçan, nädip we haýsy intensiwlikde maşk edýändigiňiz möhümdir.
Agyz bekläniňizden soňra ýerine ýetirmegiňiz üçin sagdyn maşk maslahaty:
Ilki bilen, iýmit siňdiriş we metabolizmi üpjün etmek üçin selärlikden 1,5 sagat geçenden soň maşk edip başlamaly. Sebäbi selärlikden soň gan şekeriniň köpelmegi size agram salyp biler. Şonuň üçin aşa agram salmazlyk üçin gan şekerini deňleşdirjek ýeňil maşklary saýlamaly. Etjek maşklaryňyz 40 göterim tempde ýerine ýetirilmelidir. Saýlap boljak maşklar 45 minut pyýada ýa-da tigir sürmek, 30 minutlyk ýüzmek, ýoga ýa-da fitnes programmaňyzyň üçden bir ýeňil görnüşi.
Remezan aýynda gündelik işiňizi azaltmaň! Agyz bekli wagtynda açlyk we hereketiň haýallamagy ýaly duýgular bilen garşylaşyp bilersiňiz. Bu döwürde metabolizmanyň haýallaşýandygyny göz öňünde tutup, gündelik işimizi azaltmaly däldiris. Agyr maşklar bedenimizdäki suwuň ýitmegini artdyrar we agyr kesellere sebäp bolup biler.
Şeýlelik bilen, Remezan aýynda sagdyn hem bolup bilersiňiz!
Pena ÝUSUPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.