Syýahatçylyk

Amyderýa goraghanasy — tebigatyň täsin künjegi

27-02-2024 / 12

Amyderýanyň orta akymynyň hem-de derýanyň kenarlaryny gurşap alan tokaýlyklaryň, derýaýaka Gyzylgum we Garagum sähralarynyň ekologik ulgamlaryny ylmy esaslarda öwrenmek, gorap saklamak maksady bilen 1982-nji ýylda Amyderýa goraghanasy döredilip, onuň düzümine goraghananyň Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri hem-de Kelif çäkli goraghanasy girizilýär.

Kelif çäkli goraghanasy günorta-gündogar Garagumda, Lebap welaýatynyň Halaç we Kerki etraplarynda ýerleşip, 103 müň gektar meýdany eýeleýär. Goraghananyň 6 müň 500 gektaryny kenarýaka tokaýlyklar, 36 müň 320 gektaryny hem Garagum we Gyzylgum sähralarynyň belli bir çäkleri eýeleýär. Goraghana Turan pesliginiň çägeli-çöl zolagynyň demirgazyk landşaft sebitiniň çäklerinde ýerleşýär. Amyderýa goraghanasynyň ähli çäginde bolşy ýaly Garagum we Gyzylgum sähralarynda ýerleşýän böleginde hem çöl ösümliklerini gorap saklamak, olary köpeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen goraghananyň nahalhanasynda her ýyl müňlerçe düýp çöl ösümlikleri oturdylyp, olara yhlasly ideg edilýär. 

Amyderýa goraghanasynyň täsinliginden, gözelliginden we sebit üçin möhümliginden habar berýän ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen hem tanyşmak gyzyklydyr. Goraghananyň döredileninden bäri geçen 42 ýylyň içinde bu ýerde daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsini, ekoulgamyny öwrenmek boýunça ylmy barlaglaryň ençemesi alnyp baryldy. Goraghananyň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän bölümlerinde 13-14 metre ýetýän petde, toraňňy, igde agaçlarynyň duş gelmegi onuň has irki, köne tokaýlygyndan habar berýär. Bu ýerlerde tokaýlyklary bölüp geçýän arnalar, suwly-gamyşly çöketlikler, gum depeleri, seýrek we gür tokaýlyklar duş gelýär. Bu ýerlerde süýdemdirijileriň 41 görnüşi, balyklaryň 36, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 29 görnüşi, oňurgasyzlaryň ýüzlerçe görnüşi, şol sanda möýleriň 80-den gowrak görnüşi, guşlaryň 175 görnüşi duş gelýär.

Bulardan başga-da, bu ýerde gyş aýlarynda derýanyň üstünden uçup geçýän, möwsümleýin gyşlaýan guşlaryň birnäçe görnüşi mesgen tutýar. Goraghananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, bu ýerde asylly sugun ady bilen giňden tanalýan tokaý sugunynyň duş gelmegidir. Häzirki wagtda olary goramak, sanyny köpeltmek boýunça geçirilýän işler öz netijelerini berýär. Tokaýdaky ösýän ösümlikleriň ýapraklary, gülleri, miweleridir kökleri bu ýerde ýaşaýan haýwanat faunasynyň, mör-möjekleriň esasy iýmit düzümi bolup hyzmat edýär.

Goraghanada ýaşaýan guşlardan, esasan-da, Amyderýa sülgünini, balykçy bürgüdi, gyzgylt we buýraly gotany, gara ördegi, uzynguýruk garaguşy, hüwini, gulatyny, guba gazy we beýlekileri belläp geçmek bolar. Goraghananyň çäginde süýdemdirijilerden gunduz, garagulak, tokaý suguny, torsuk, ýekegapan, sähra pişigi, şagal, keýik, towşan, oklukirpi ýaly haýwanlara duş gelmek bolýar. Goraghananyň ösümlik dünýäsi hem özüniň köpdürliligi bilen tapawutlanýar.

Bu ýerde ýokary gurluşly ösümlikleriň 225-den gowrak görnüşi bolup, geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde goraghananyň diňe bir sähralyk meýdanlarynda olaryň 125 görnüşiniň bardygy anyklanyldy. Şolaryň arasynda sähralyklarda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň 15-si duş gelýär. Tokaý zolaklarda ösümlikleriň 90-a golaý görnüşi gabat gelip, şolaryň 30-dan gowrak görnüşiniň dermanlyk ösümliklerdigi anyklanyldy. Esasan hem bu ýerde toraňňy, petde, igde, jungar söwüdi ýaly agaçlar agdyklyk edýär. Ýylgyn, çemiş, buýan, hyşa, adaty gamyş bilen gurşalyp alnan, agaçlar bilen ýanaşyk geçmesi kyn jeňňellikler tokaý haýwanlarynyň esasy ýaşaýan ýerini, sözüň doly manysynda, ýaşaýan tebigy öýüni emele getirýär. 

Zuhra ALLAMOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu