SliderSyýahatçylyk

Meşhur buzluklar 2050-nji ýyla çenli ýok bolar

31-10-2024 / 45

Birleşen Milletler Guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ― ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň gözegçilik edýän 18,600 sany buzlugynyň üçden biriniň 2050-nji ýyla çenli ýok boljakdygyny çaklaýar.

Bu gurama galan buzluklary diňe global temperaturanyň ýokarlanmagy 1,5 gradusdan aşakda saklan halatynda halas edip boljakdygyny aýdýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyna girýän buzluklar dünýädäki ähli buzluklaryň 10 göterimini emele getirýär we dünýä syýahatçylygynyň merkezi hökmünde tanalýar. Bu mesele boýunça hasabatyň esasy awtory Tales Karwalho Bütindünýä mirasynyň buzluklarynyň her ýylda ortaça 58 milliard tonna buz ýitirýändigini, munuň bolsa deňiz derejesiniň 5 göterim ýokarlanmagyna sebäp bolýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Karwalho uly buzluklaryň eremeginiň öňüni almak üçin iň möhüm gorag çäresiniň uglerod zyňyndylaryny ep-esli derejede azaltmakdygyny nygtady.

Amangeldi TÄÇMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu