Sagdyn durmuşSlider

Gündelik tämizlik endikleri

21-02-2024 / 13

Islendik zady, ýagşy endigi ýaş wagtyň öwrenmek has ýeňil bolýar. Bu gündelik ýerine ýetirilýän işler babatda-da, mekdepde berilýän dersler babatda hem şeýle. Mysal üçin, köpeltmek tablisasyny wagtynda ýat tutsaň, ýokary synplarda beýleki temalary öwrenmek ýeňil bolar. Gündelik endiklerimiz hem şeýleräk. Fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin arassaçylyk örän zerurdyr. Özümizi, egin-eşigimizi, okuw esbaplarymyzy arassa saklamagy öwrenmek her birimiz üçin gereklidir. Eýsem, gündelik durmuşymyzda nähili arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmelikä?!

Ilki bilen, arassaçylygyň yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini unutmaly däl! Nahardan öň we soň elimizi mazaly ýuwmagy endik edişimiz ýaly, okuwdan gelip eşiklerimizi çalyşmagy we tertipli ýagdaýda ýerleşdirmegi hem endik edinmeli. Sebäbi tertip-düzgün we yzygiderlilik bolmasa, arassaçylyk hem bolmaýar. Nahar iýlenden soňra saçagy, öz otagyňyzy, kitaplaryňyzy we oýnawaçlaryňyzy ýygnamagy öwreniň!

Diş arassaçylygy

Dişimizi yzygiderli arassalamagyň saglygymyz üçin peýdalydygy hemmämize mälimdir. Lukmanlar agyz we diş saglygynyň goralmagy üçin günüň dowamynda iki gezek dişimizi ýuwmagy maslahat berýärler. Diş arassalananda çotgany diňe keseligine däl-de, aşakdan ýokarlygyna hereket etdirmegi hem unutmaly däl! Şeýlelikde, diş bilen diş etiniň arasy hem arassalanýar. Dişleriň üstüni, iç tarapyny, azy dişlerini hem arassalamagy ýatdan çykarmaň! Bu azyndan 2-3 minut dowam etmelidir. Diş çotgasyny 3 aýdan köp ulanmak maslahat berilmeýär. Gaty diş çotgasy dişleri zaýalaýar. Şol sebäpli hem ýumşak çotgalary saýlaň. Dişler irden ertirlik edinilenden soň hem-de agşam ýatmazdan öň çotgalansa talabalaýyk bolar. Esasan, süýji iýmitler köp iýlip, soňundan arassalanmazlygy, hoz, şänik, pisse ýaly gury ir-iýmişleriň diş bilen çakylmagy, naharyň aşa gyzgyn iýilmegi ýa-da aşa sowuk zatlaryň içilmegi, iňňe ýaly zatlar bilen dişleriň synçgylanmagy olara zeper ýetirýär.

El-eli ýuwar, iki el birigip ýüzi 

Daşarda oýnap gelnenden soň, hajathanadan çykylanda, ulaglara münülip düşülende, nahardan öň we soň elleriňizi ýuwmagyň arassaçylyk üçin ähmiýetlidigi hemmä mälimdir. Eliňizi mylaýym suwa suwuk ýa-da adaty gaty sabynlar bilen mazaly köpürjikledip ýuwmagy unutmaň! Eliň aýasyny, barmaklaryň aralaryny, dyrnaklary, eliň üstüni hem-de bilekleriňi mazaly owkalap ýuwmaly. Reňksiz we yssyz sabynlardan peýdalanylsa, has gowy bolar. El-ýüzüňizi ýuwanyňyzdan soňra, arassa süpürgiç bilen guratmaly. Süpürgiçler çyglygyna uzak wagtlap dursa bakteriýalaryň köpelmegine getirýär. Şol sebäpli köp gezek ulanmaga niýetlenen süpürgiçler açyk ýerde asylyp goýulmaly hem-de ýygy-ýygydan ýuwulmaly. Şahsy arassaçylygymyza köpçülik ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynda, okuwda, açyk meýdanda, umuman, hemme ýerde üns bermeli. Arassaçylyk üçin peýdalanylýan bir gezek ulanmaga niýetlenen çygly süpürgiçleri, iýen kempudyňyzyň kagyzyny we beýleki zatlary çem gelen ýere däl-de, ýörite zibil gutusyna taşlaň! Çünki arassaçylyk hemmä-de gerek.

Zübeýda PIRGULYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu