«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hem şypahanalary täzeden dikeltmekdir. Şeýle şypahanalaryň biri-de, jana melhem şypaly, mineral suwly «Farap» şypahanasydyr. Ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, melhemleriň mekany — «Farap» şypahanasynda ähli mümkinçilikler döredilýär.
2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durky düýpli täzelenen «Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 20 kilometr uzaklykda, Amyderýanyň sag kenarynda — Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýär. Taryhy maglumatlara görä, 1958-nji ýylda geologiýa barlag ekspedisiýasy tarapyndan nebitgaz gözleg işleri geçirilende, 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýy ýatagy açylýar.
“Farap” şypahanasy 250 orunlyk bolup, bejeriş mineral suwy bilen bejerilýän şypahanalaryň biridir. Bejeriş häsiýetli mineral suwly howuz ýerasty çeşmeleriň suwy bilen doldurylýar. Suwuň temperaturasy mudama 390 gradus ýylylykda saklanylýar. Mineral suwuň düzüminde himiki elementleriň 30-dan gowragy, şol sanda ýod, brom, magniý, gidrokarbonatly natriý, sulfatly natriý, kükürt-wodorodly minerallar we beýlekiler bardyr. Himiki elementler: ýod we brom, şeýle hem beýleki mineral duzlar kislorod bilen birleşip, suw sarymtyl öwüşgin berýär. “Farap” şypahanasynyň bejeriş suwy ýürek-damar ulgamyny, guragyry, daýanç-hereket ediş ulgamyny, deri kesellerini, iýmit-siňdiriş ulgamynyň kesellerini, nerw ulgamynyň kesellerini, ýiti däl döwründe endokrin ulgamynyň kesellerini, aýratyn hem, süýji keselinde we beýleki keselleri bejermek üçin peýdalydyr.
Garşy görkezmeler:
- Nerw ulgamynyň kesellerinden ýiti görnüşleri, insult
- Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň ýiri döwri.
- Ýürek – gan damar ulgamynyň kesellerinden III-dereje gipertoniýa infarkt, ýiti we dowamly ýürek ýetmezçiligi, durnukly stenokardiýalar, ýürek ritminiň bozulmagy.
Saglygyny berkitmek we dikeltmek isleýän raýatlary şypahanamyza çagyrýarys!
Oguljan MÖMINOWA,
“Farap” şypahanasynyň terapewt lukmany.