Biz durmuşda şeýle sowala örän köp duş gelýäris. Bu hadysa barada alymlar tarapyndan anyklanan maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Saç dökülmeginiň dürli sebäpleri bar. Demir ýetmezçiligi hem-de ganazlyk saç dökülmeginiň iň uly sebäpleriniň biridir. Şeýle-de, gormonal üýtgeşmeler, stres, iýmit we genetika ýaly birnäçe faktorlar hem saç dökülmegine sebäp bolup bilýär. Esasan-da, stres saçyň ösüşiniň haýallamagyna we dökülmegine zyýan ýetirip bilýär.
Saç dökülmeginiň öňüni alyp bolarmyka? Elbetde, munuň üçin saça wagtly-wagtynda ideg edip durmaly. Sebäbi dogry ideg we durmuş ýörelgeleriniň kadalaryna eýerip, saç dökülmelerine netijeli gözegçilik edip bolýar. Aslynda, beloklara, witaminlere we omega-3 ýag kislotalaryna baý deňagramly iýmitler saçyň sagdyn ösmegine kömek edýär.
Saglyk we gözellik ynsan ömrüni bezeýär. Geliň, saçlarymyzyň sagdyn ösmegi üçin göreşeliň! Saglygymyzy we gözelligimizi goralyň!
TürkmenGazet.