Sagdyn durmuşSlider

Itburun

07-01-2024 / 16

Ýurdumyzda güýz paslynda ýetişýän dermanlyk häsiýete eýe bolan itburnuň şypasy il içinde giňden bellidir. Onuň bişen miwesi ýygnalýar, guradylan görnüşde dermanhanalarda halka hödürlenýär. Tebigy ösümlikleriň peýdasyny bilip, gündelik durmuşda ulanmagy başaran ene-mamalarymyz itburunyň miwesinden ter we gury görnüşinde dürli önümler taýýarlaýarlar.

Bu pürli ösümlik bägüller maşgalasyna degişlidir. Oňa „«ýabany bägül» hem diýilýär. Süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl ýa-da gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miweleri bolýar. Itburnuň dermanlyk häsiýeti gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ol bedeniň immunitetini — kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, bedeniň garramagynyň öňüni alýar. Itburun düzüminde C ýokumyny iň köp saklaýan miwedir. Meselem, C witamini itburnuň miwesinde limondakydan 50 esse, gara smorodinadan 10 esse kändir. Şonuň üçin ony güýz-gyş aýlary, sowuklama ýoňlamasynyň ýaýraýan döwri ulanmak örän peýdalydyr.

Itburnuň gaýnatmasyny yzygiderli peýdalanmak ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar, damarlary berkidýär, gan basyşyny peseldýär. Onuň gaýnatmasynyň işdä açyjy ýakymly turşumtyk tagamy we süýjümtik ysy bar. Itburnuň şiresi garylan çaý ýa-da miweden taýýarlanan gaýnatma ýylyň sowuk möwsümlerinde örän peýdaly. Bu halk tebipçiliginiň serişdesinden yzygiderli peýdalanylsa, sowuklama sökelliklerinden goranyp we keselden soňra çalt gowulaşyp, tiz aýaga galyp bolýandygyny lukmanlar aýdýarlar. Emma aşgazan keselleri bolanlar, allergiýalylar bu miwäni örän seresap ulanmalydyr. Itburun dişiň syrçasyny ýukaldýar, şonuň üçin ondan gaýnatmadyr şire içilenden soňra, agzyňy çuw bilen çaýkamak maslahat berilýär.

Gülşat KAZAKOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu