Adam saglygyna peýdaly ekinleriň biri sarymsakdyr. Halk lukmançylygynda boz toprakly, döküni ýeten, bol suwly ýerde ekilip, alnan sarymsagyň adamyň ýüzüniň durkuny gowulandyrmakda, gözüniň görejini ýiteltmekde, gulagyň gowy eşitmeginde peýdasynyň köpdügi bellenilýär. Hatda ir döwürlerde-de saçyň düşmeginiň öňüni almak üçin hem sarymsagy saç düýbüne çalypdyrlar. Bu bolsa saç düşmeginiň öňüni alypdyr.
Orta ýaşan adamlar sarymsagyň dişini ikä bölüp, dişiň etine çalypdyrlar. Şeýdip dişleriniň berkemegine şypa beripdirler. Adamyň bedenine düşen ýaralary-da sarymsak suwy bilen bejeripdirler.
Pederlerimiz gyş paslynyň gelmegi, howanyň sowamagy, gardyr ýagyşyň ýagmagy bilen adamlarda ýüze çykýan sowuklamanyň öňüni almak hem-de bedeniňi berkitmek üçin nahar başynda sarymsagyň ýaş maýsasyny ýa-da düýbüni iýmegi maslahat beripdirler.
Adam tenine düşen ýaralara hem-de daban astyndaky ten gatamalaryna owradylan sarymsagy hasanyň ýüzüne goýup, ýaralaryň tiz gutulmagy üçin üç günläp daňypdyrlar. Bu bolsa adam tenindäki ýaralaryň tiz gutulmagyna getiripdir.
Gunça KUTLYÝEWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.