Ýurdumyzyň ak bazarlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň önümleri, süýt we süýt önümleri, dürli miweler, gök we bakja önümleri ilata hödürlenilýär. Azyk önümlerini ýurdumyzda diňe satuwa rugsat berlen ak bazarlardan, söwda merkezlerinden, dükanlardan we söwda nokatlaryndan satyn almalydygyny ýatladýarys. Satyn alnan azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerurdyr. Çig önümler, taýýarlanan tagamlar gaplanan ýagdaýda aýratyn saklanmalydyr. Mal, guş, towşan, balyk etini beýleki tiz zaýalanýan önümler bilen bir ýerde goýmaly däldir. Olar sowadyjynyň ýokarky bölüminde saklanmaly. Satyn alnan kömelekler ter, sagdyn, bitewi bolmaly. Olary polietilen haltajykda saklamak maslahat berilmeýär, sebäbi olaryň aglaba bölegi suwdan ybarat we az wagtyň içinde ezilip, zaýalanmagy, zäherlenme ýaly keseliň döremegine getirmegi mümkin. Islendik usul bilen taýýarlananda, işdäaçara goşulanda kömelegi dogry taýýarlamagy başarmalydyr, sebäbi kömelek zäherlenmesi saglyga howp salýar.
Diňe bir gapagy konserwirlenen bankanyň içinde galan howanyň tasiri bilen açylan bankalaryň däl, eýsem, içi bulanyk görünýän bankalaryň içindäki önümleriň hem zyýanlydygyna, zäherleýji täsire eýe bolýandygyna ünsüňizi çekýäris. Olary ulanmak bolmaýar. Bilşiňiz ýaly, juda ýagly, ýiti tagamlar, mantydyr palaw, gowrulan mal eti, towşan, guş eti iýmit siňdiriş agzalaryna agram salýar, aşgazan-içege ýollarynyň näsazlyklaryna, dowamly keselleriň möwç almagyna itergi berýär. Aşa köp we garym-gatym iýmek gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklaryna getirip biler.
Kähalatlarda hili pes azyk önümleri, öý şertlerinde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünleri berjaý edilmedik ýagdaýda gök we miwe önümlerinden taýýarlanyp, banka gaplanan (kömelek, hyýar, pomidor, badamjan we başgalar), kakadylan şöhlatlar ýa-da duzlanan balyk önümleri iýmit zäheri (botulizm) üçin amatly şertleri döredýär.
Iýmit zäheri (botulizmiň toksini) ilki bilen iýmit siňdiriş we nerw ulgamyna zeper ýetirýär. Ilkinji alamatlar zäherlenmeden 2— 3 sagatdan 2—3 güne çenli soň ýüze çykýar. Zäherlenen adamyň ýüregi bulanýar we başy aýlanýar, kellesi agyrýar, agzy guraýar, dem almasy kynlaşýar, ýagdaýy has agyrlaşýar, nerw ulgamynyň bozulmalary ýüze çykýar, dili tutulýar, görüş peselýär, ýuwutma kynlaşýar. Bu zäherlenmä kislorodsyz şertlerde köpelýän howply bakteriýa — botulizm sebäp bolýar. Ol bakteriýa ölüm howply zäher bölüp çykarýar.
Zäherlenme alamatlary ýüze çykanda, haýal etmän «Tiz kömek» gullugyny çagyryp, näsaga ilkinji kömegi bermeli. Näsagy ýatyryp, oňa hereket etmäge ýol bermeli däl, sebäbi hereket zäheriň bedene çalt ýaýramagyna ýardam berýär. Ilkinji lukmançylyk kömegi näçe çalt edilse, şonça-da zäherlenen adamyň janyna bähbitlidir.
Öý şertlerinde öý bikeleri gyş paslynda iýmit hökmünde ulanmak üçin gök we bakja önümlerinden dürli işdäaçarlary, miwelerden kompot, mürepbe taýýarlap, çüýşe bankalara gaplaýarlar. Gök we miwe önümleri öý şertlerinde gaplananda, duza ýatyrylanda, öý bikesi arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli.
Nadira HAJIÝEWA,
Lebap welaýat «Ene mähri» merkeziniň ginekolog lukmany.