Sagdyn durmuşSlider

Pyrtykal we saglyk

25-12-2023 / 11

Möwsümleriň sepgidinde sagdyn bolmak üçin witaminlere baý önümleri iýmek juda peýdalydyr. Şu günler, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmekde, esasan hem, C witaminine baý bolan sitrus miweleriniň ähmiýeti uludyr.

Pyrtykal adamlar tarapyndan dünýäde iň kän sarp edilýän sitrus miweleriniň biridir. Ol dürli witaminlere baýdyr. Onuň düzüminde A, C, H, PP ýaly witaminler hem-de B witaminler toplumy bar. Şeýle-de pyrtykalyň düzümi beta-karotine, foliý turşusyna, kaliý, sink, demir, kalsiý, magniý, fosfor ýaly mineral maddalara baýdyr. Pyrtykaldaky flawonoidler hem-de kaliý ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar, şol sanda arterial gan basyşynyň durnukly bolmagyny üpjün edýär.

C witaminine baýdygy sebäpli pyrtykal ýiti-respirator kesellerinden goraýar, bedeniň dürli infeksiýalara hem-de bakteriýalara garşy durnuklylygyny artdyrýar. Düzümi kletçatka baý bolansoň, miwe bedendäki holesteriniň mukdaryny peseldýär. Dürli witaminlere hem-de serişdelere baý bolan pyrtykal ýoňlamanyň öňüni alýan tebigy önüm hasaplanylýar.

Pyrtykaldaky A witamini görejiň saglygyny, görejiň ýiti bolmagyny, şeýle-de gijelerine görşüň kadalylygyny üpjün edýär, kataraktanyň öňüni almaga täsirini ýetirýär. Miwäniň peýdaly düzümi gözüň saglygyna jogap berýän ownuk damarlaryň sazlaşykly işlemeginde hem täsiri uludyr.

Miwäniň gabygy hem peýdalydyr. Gabykda limon hem-de pektin turşusy, şeýle-de efir ýaglary bolup, olar wiruslara, sowuklama garşy tebigy serişdedir. Efir ýaglarynyň iýmit siňdirişde hem ähmiýeti uly bolup, sary gaýnamanyň, ýürek bulanmanyň öňüni alýar. Bulardan başga-da, nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrýandygy sebäpli, ukusyzlykdan kösenýän, dartgynly häsiýetli adamlara peýdalydyr. Pyrtykalyň gabygyny ulanmazdan ozal, ýuwmaly. Ol dürli tagamlara, köke-tort önümlerine, işdäaçarlara goşulýar. Guradylan pyrtykal gabygyny çaýa goşup, demläp içmek hem bolýar.

Maýsa BALTAÝEWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň rewmatologiýa bölüminiň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu