* Halk arasynda aýdylyşy ýaly, gyşda çagaňy özüňden bir gat galyň geýindirmeli.
* Eger-de siziň körpäňiz çagalar bagyna gatnaýan bolsa ýa-da onuň bilen arassa howada gezelenç etmekçi bolsaňyz, mümkin boldugyndan, hereket etmek üçin aňsat bolan rahat egin-eşikleri geýindiriň!
* Sowuk howada çagaňyzyň bokurdagyna hökman şarf dakmagy unutmaň!
* Çagaňyzyň kellesini ýuwup, daşary çykmagyna asla ýol bermäň!
* Gyşda başgap satyn alanyňyzda, çagaňyzyň gulaklary bilen ýapar ýaly görnüşini saýlaň! Ol aşa sowuk howada ýüze çykyp biläýjek gulak-burun keselleriniň öňüni almakda ygtybarly goragçydyr.
* Howanyň temperaturasy aşa sowuk bolanda ýa-da garly günlerde çagaňyza ellik geýdirmegi hem unutmaň!
* Gyş paslynda çagaňyzyň aýakgaplaryny hem ünsden düşürmäň! Çagaňyzyň aýakgabynyň topugyny ýapmagyny, aşagy galyň we suw geçirmeýän görnüşde bolmagyny gazanyň!
* Hormatly ene-atalar, gyş paslynda çagalaryňyzy pasla görä geýindirmek we olaryň saglygyny goramak siziň öz eliňizdedir!
Nargiza SATLYKOWA,
Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň ultrases barlagçy lukmany.