Gyş aýlarynda howa sowuk bolup, onuň durumynyň tiz-tizden üýtgemegi adam bedeniniň gowşamagyna getirip biler. Şol sebäpli biziň her birimiz saglyk ýagdaýymyza ünsli çemeleşip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, sport bilen meşgullanyp, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli. Güýz-gyş möwsümi bereketli türkmen topragy miwedir bakja ekinlerini berekedi bilen eçilip, saglyga peýdaly nygmatlar, witaminlere baý önümler ilata bol ýagdaýda ýetirilýär.
Hurma hem witaminlere baý miwe bolup, onuň adam saglygyna edýän täsiri bellärliklidir. Onuň watany Hytaý hasaplanýar. Dünýäde miwäniň 500-den gowrak görnüşi bar. «Gündogar hurmasy» miwäniň iň köp ýaýran görnüşidir. Hurmadaky iýmitlik süýümidir peýdaly mikroelementleriň mukdary almanyňka garanyňda, iki esse köpdür. Miwäniň düzüminde tanin köp bolansoň, ol bişmänkä agzyňy gamaşdyrýar. А, С hem-de В witaminlerine baý miwede marganes, ýod, kaliý, kalsiý, demir, fosfor ýaly mineral duzlarynyň ýeterlik mukdary bar. Miwede pektin bolansoň, ony iýmit siňdirişiň näsazlyklarynda maslahat berýärler. Hurmanyň düzümindäki magniý bolsa, böwrekde daş emele gelmeginiň öňüni alýar, dartgynlylyk ýagdaýy aýryp, rahatlandyrýar.
Miwäniň antioksidant häsiýeti hem-de kaliýe baýlygy ýüregiň sagdynlygyna täsirini ýetirýär, ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagynyň (gipertoniýa) öňüni alýar. Hurmanyň düzümindäki beta-karotiniň gözüň saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti uly bolup, ol görejiň ýiti bolmagyny hem üpjün edýär. Miwäniň düzümindäki glýukoza hem-de fruktoza ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar, ýüregi iýmitlendirýär. Miwedäki C hem-de P witamini damarlaryň saglygy üçin hem-de damarlaryň diwarlaryny berkitmekde peýdalydyr. Hurmada demriň mukdarynyň köp bolandygy üçin, ony ganazlykda maslahat berýärler. Hurma C witaminine baý bolansoň, sowuklama nähoşlugynyň öňüni almakda hem ähmiýetlidir.
Günde iýlen birki sany miwe adam bedenini günüň dowamynda gerek bolan ýoduň mukdary bilen üpjün edýär. Ýoda baý miwäniň galkan şekilli mäz keselleriniň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Şeýle hem hurma bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar.
Alymjan KANDYMOW,
Lebap welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany.