Sagdyn durmuşSlider

Iýseň kädi — bolarsyň iň sagady

18-12-2023 / 13

Ata-babalarymyz kädiniň köp dertlere derman bolandygyny ýyllaryň dowamynda geçiren synaglary arkaly anyklapdyrlar. Şol sebäpden ony melleklerinde ýetişdirip gelipdirler. Kädi halk lukmançylygynda dürli dertlere derman hökmünde ulanylypdyr.

Kädiniň düzüminde dürli ýokumlaryň, bedene zerur bolan mikroelementleriň bardygyny lukmanlar belleýärler. Bu önümiň semizligi, ysgynsyzlygy, ýürek-damar, böwrek kesellerini bejermekde uly ähmiýete eýe bolup, ol bedeniň gorag güýjini artdyryp, berkidýär. Onuň şiresi bedeni rahatlandyryp, ukyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de kädi iýilse, peşew ýollarynyň, bagryň, öt haltanyň, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde örän gowy kömek edýär.

Lukman Hekim üsgülewügi, gulak agyryny, beýniniň çişini kädi suwy bilen bejermegiň ähmiýetiniň uludygyny maslahat beripdir. Ol adamyň degna ulgamynyň işini gowulandyryp, keýpini kök edýär. Şonuň üçinem halkymyzda gadymdan «Kädi iýeniň keýpi kök» diýen pähim döräpdir.

Kädiniň diňe bir eti däl, çigidi hem içege gurçuklaryny ýok etmekde ulanylýar. Güneşli Watanymyzyň sahawatly topragynda bol bitýän bu önümden her näçe köp peýdalanylsa, şonça-da saglyga peýdasy degýär.

Alişer BEŞIMOW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň nefrolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu