Sagdyn durmuşSlider

Dogry iýmit — sagdyn ömür

15-12-2023 / 10

„Görkem agyzdan, derdem“ diýlişi ýaly, dogry we düzgün iýmitlenmek biziň sagdyn we uzak ýaşamagymyz üçin esasy şertleriň biridir.

Iýmitlenmek adamyň esasy biologiki talabydyr, mukdar we hil tarapdan oýlanyşykly, talabalaýyk iýmitlenmek daşky gurşawyň beýleki şertleri bilen bir hatarda, adam bedeniniň oňaýly ösüşini, onuň fiziki we akyl iş başarjaňlygyny, çydamlylygyny hem-de giňden uýgunlaşma mümkinçiliklerini üpjün edýär. Belli bolşy ýaly, iýmit maddalaryny özünde amatly derejelerde saklaýan, talabalaýyk iýmitlenmek bedeniň immunobiologik ýagdaýlаryna amatly täsir edýär we onuň ýokanç keseli başdan geçirijiligini we zäherleýji maddalara bolan durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Adamda artykmaç agram nädogry iýmitlenmek zerarly ýüze çykýar. Bedeniň we ulgamlaryň köpüsiniň ýagdaýlarynyň belli bir derejede ýaramazlaşmagy we işe ukyplylygyň peselmegi semizligiň gös-göni netijesidir. Semizlik utgaşyklykda gelýän ýürek-damar keselleriniň (aterosklerozyň, gipertoniýa keseliniň), süýjülik, öt daşy keselleriniň ir ýüze çykmagyna we tiz agyrlaşmaklygyna täsir edýär. Semizlikde bu keseller has köp duş gelýär.

Adamyň sagdyn bolmagynda immun ulgamynyň hem işi uludyr. Immun ulgamy bir tarapdan bedeni goraýar, beýleki tarapdan bolsa onuň ýagdaýy adamyň umumy saglyk ýagdaýyna baglydyr. Eger adam işjeň, hemişe hereketde we durmuşa höwesli bolsa, onuň immuniteti hem ýokary bolýar. Immun ulgamy bizi bakteriýalaryň, kömelekleriň, wiruslaryň ýaramaz täsirinden goraýar. Sagdyn we netijeli immun ulgamy bolmadyk beden gowşak  bolýar we dürli hili ýokanç kesellerden ýygy-ýygy ejir çekýär.

Gunça ORUNOWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň endokrinolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu