Sagdyn durmuşSlider

Erigiň ynsan saglygyna peýdasy

15-12-2023 / 58

Ynsan saglygyna peýdalydygy bilen uly isleg bildirilýän, irki döwürlerden bäri türkmen topragynda ýetişdirilýän datly miweleriň biri hem erikdir. Gahryman Arkadagymyz erigiň peýdasy barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 6-njy jildinde has giňişleýin maglumat berýär.

Ter, kakadylan, bişirilen erik adam bedenine örän ýokumly. Erigi lukmançylykda hem-de kosmetik serişdeler öndürilýän senagatda giňden ulanýarlar.

Tejribeli bagbanlarymyzyň yhlasy bilen bitýän erik miwesi terligine iýlende adam bedenine aýratyn güýç-kuwwat berýär. Erik miwesi esasan, tomus paslynda bişip ýetişýär. Ony terligine-de, kakadylan görnüşde-de iýmek örän peýdalydyr. Kakadylan erik çaýa atylyp, gowy demini alanyndan soň içilse, ýüregi agyrýanlara haýyrly. Ene-mamalarymyz unaş, çorba, şüle ýaly milli tagamlarymyzy taýýarlanlarynda hem olaryň içine erik kişdesini salypdyrlar. Erik kişdesi nahara aýratyn, üýtgeşik tagam beripdir. Bulardan başga-da, ýaz ýa-da tomus aýlary erik agajynyň daşyna çykyp duran şepbigi hem nabada meňzeş bolup, ony iýmek gaty peýdalydyr. Erik agajy şepbigi Günüň ýiti şöhlesiniň täsiri astynda daşyna bölüp çykarýar. Ol ajy, tagamsyz önüm. Ýöne gözüň üçin peýdasy gaty uly.

Lukmançylyk ylmynyň barlagnamalarynyň netijesinde erigiň düzüminde 10 göterim şeker, şeýle hem limon, alma, salisil kislotasy, P, B1, PP, C witaminleri, karotin (käşirde, ýumurtganyň sarysynda, süýtde bolýan mämişi sary pigment) bardygy anyklanyldy. Erigiň düzümindäki 16 mg karotin başga hiç bir miwede ýokdur. Erigiň düzümindäki şire bedenden toksini (mikroorganizmlerde döreýän zyýanly maddalary) we holesterini çykarmaga kömek edýär. Çagalara, uly ýaşlylara erik iýmek maslahat berilýär. Çünki erik nerw ulgamyny kuwwatlandyrýar we ýadawlygy aýyrýar. Yzygiderli erik iýmek deriniň ýaşarmagyna we görejiň ýitelmegine getirýär. Halk lukmançylygynda hem ýürek-damar keselinden ejir çekýän adamlara erigi terligine we kakadylan görnüşinde iýmek maslahat berlipdir. Şeýle hem erik miwesiniň şäniginiň içindäki maňzy hem ynsan saglygy üçin örän peýdaly hasaplanylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tejribeli bagbanlarymyz tarapyndan erik agajynyň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Dermanlyk hem azyklyk önüm hökmünde terligine we kakadylan görnüşde ulanmakdan daşary, erikden dürli mürepbeler, gaýnatmalar taýýarlanylýar.

Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny, bagbançylygy ösdürmäge, türkmen topragynda bitýän gök we bakja önümleriniň, ter miweleriň ähli görnüşleri bilen bazarlarymyzy, her bir maşgalanyň saçaklaryny bolelin üpjün etmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!    

Gülhan RAHMEDOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkogematolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu